Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 15-nji Oktýabr
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 15-nji Oktýabr
Çap edildi 15.10.2016
1853

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Hytaýly we owganystanly işewürler tehniki ýody we “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, arassalanan pagta ýagy, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşi, pagtaly mebeller, nah ýüplük we mata, ýelejirediji enjamlar ýerlenildi. Olary Russiýadan, Germaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Owganystandan, Gyrgyzystan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Hytaýdan, Pakistandan, Hindistandan işewürler jemi bahasy 1 million 46 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, sarja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 838 müň manatdan gowrak polipropileni (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow