Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, sebitde goňşy ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan hem-de giňeltmekden ybaratdyr. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhy taýdan ýola goýlan dostluk hem-de özara goldaw bermek gatnaşyklary bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny has hem ýakynlaşdyrýar.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bäş ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti hem-de beýleki döredijilik çäreleriniň birnäçesi döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde medeni diplomatiýanyň möhüm ornuny aýdyň görkezdi. Uly üstünliklere beslenen şeýle çäreler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sebitiň goňşy döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygyny alamatlandyrýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Kasym-Žomart Tokaýew, Sadyr Žaparow, Emomali Rahmon we Şawkat Mirziýoýew, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşyjylar ajaýyp çykyşlaryň hormatly tomaşaçylary boldular.
Milli we halkara festiwallaryň hem-de beýleki köp sanly medeni çäreleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň açyk sahnasyndan dostlukly ýurtlaryň Liderlerine, ähli tomaşaçylara dürli dillerde mähirli gutlag sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlar ýaňlandy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň meşhur sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki joşgunly aýdymlar bolsa parahatçylygyň, agzybirligiň senasyna öwrüldi.
Tutuş dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine dostluk hem-de agzybirlik şygary döredijilik baýramçylygynyň ähli çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Türkmen artistleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat wekilleriniň bilelikde ýerine ýetirmeginde gadymy we döwrebap sungatyň baýlygyny hem-de özboluşlylygyny, onuň doganlyk halklary birleşdiriji güýjüni alamatlandyrýan däpleriniň milli öwüşginlerini beýan edýän täsirli çykyşlar görkezildi.
Täzeçil tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy konsertiň tapawutly aýratynlygydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diwersifikasiýa taýdan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýokary derejede üns berýär.
Uly monitorlardaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ajaýyp paýtagtlarynyň gözellikleriniň wideoşekilleri ýatda galyjy täsir döretdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygyna hem-de dabaraly konsertine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Medeni ulgamda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar, däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär” diýlip nygtalýar.
Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň işleri köp ýyllaryň synagyndan geçen we häzirki wagtda has-da berkeýän dostluk binýadyna daýanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ozodbek Nazarbekowyň “Dokmaçylar” folklor toparynyň gatnaşmagynda bu aýdymy türkmen dilinde ýerine ýetirmegi bolsa eziz Diýarymyza çäksiz söýginiň beýany bolup ýaňlandy. Şeýle hem milli Liderimiziň “Bagt nury” aýdymy hem tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Konsert gadymy “Küştdepdi” tansy bilen jemlendi. “Küştepdi” tansynda geçmişiň däpleri hem-de häzirki döwrüň döredijilikli güýji sazlaşykly utgaşýar. Halk döredijiliginiň özboluşly milli nusgasy bolan bu tans dessury Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bu gün ol ýurdumyzyň özboluşlylygynyň beýanydyr, milli baýramlarymyzyň hem-de türkmen sungatynyň daşary ýurtlardaky her bir çykyşynyň aýrylmaz bölegidir.
Bu joşgunly tansa ýörite taýýarlanylan wideoşekiller arkaly sebitiň döwletleriniň döredijilik toparlary hem goşuldy. Olar türkmenleriň bu meşhur tansyny özboluşly ýerine ýetirdiler.
Köpçülikleýin şowhunly çykyş bilelikdäki konsertiň mazmunyny — parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine döredijilik taýdan jebisleşmegiň dabaralanýandygyny görkezdi. Hut medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar halklara birek-biregi tanamaga we düşünmäge, ýakynlaşmak üçin egsilmez mümkinçilikleri açýan sungatyň täsin dünýäsine aralaşmaga kömek edýär.
Medeni-ynsanperwer ulgamda köpasyrlyk tejribä we däp-dessurlara esaslanýan gatnaşyklar sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýär. Gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklar gatnaşyklaryň häzirki döwründe-de halklary birleşdirýär, olara aňyrdan gelýän däpleri gorap saklamaga ýardam edýär.
Şeýle garaýyşlar Ruhyýet köşgünde geçirilen döredijilik çäreleriniň dowamynda öz beýanyny tapdy. Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň öňünde gadymy däp-dessurlara laýyklykda ýaýbaňlandyrylan türkmeniň gelin toýy täsinligi, ajaýyplygy bilen baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy.
Ruhyýet köşgüniň eýwanynda guralan amaly-haşam sungatynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisinde türkmen halkynyň ruhy medeniýeti we däp-dessurlary beýanyny tapdy. Bu ýerde milli halyçylygyň we el işleriniň ajaýyp nusgalary, saz gurallary hem-de ussat zergärleriň önümleri, suratkeşleriň eserleri görkezildi. Zähmet we zehin siňdirilen, el bilen döredilen bu täsin eserlerde halkymyzyň kalby, mähriban topragymyzyň gözelligi beýan edilýär.
Daşary ýurtlaryň wekilleriniň hormatlanmagy medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa ýurtlaryň arasynda dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky, köpýyllyk türkmen-özbek medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam bermekdäki uly hyzmatlary üçin, şeýle hem aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki üstünliklerini nazarda tutup we hünär ussatlygy üçin “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly adyň nyşany gowşuryldy.
Bu hormatly at, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Ozodbek Nazarbekowa 2020-nji ýylyň iýunynda berildi. Dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysynyň şu çärelere gatnaşmagy oňa hut özüniň bu nyşany kabul etmäge hem-de munuň üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etmäge mümkinçilik döretdi.
Halklary geljegiň bähbidine birleşdirýän parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ileri tutulmagy sungat ussatlarynyň konsertiniň maksatnamasynda-da esasy orny eýeledi. Bu 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygary bilen sazlaşykly utgaşdy.
Artistleriň çykyşlary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan ägirt uly hem-de asylly işlere, şol sanda eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň hukuklaryny goramak hem-de hünär ukyp-başarnyklaryny amala aşyrmak üçin ähli şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işlere şaýatlyk edýän wideoşekiller bilen utgaşdyrylyp görkezildi.
Konsertiň maksatnamasyna giren doganlyk halklaryň meşhur aýdym-sazlary, döwrebap tanslary, folklor çykyşlary sungatyň ynsanperwer hem-de jebisleşdiriji wezipesini aýdyň görkezip, onuň ruhy gymmatlyklary gorap saklamak we baýlaşdyrmak, halklary parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de döredijiligiň bähbidine ýakynlaşdyrmak üçin egsilmejek mümkinçilikleri jemleýändigini tassyklaýar.
Ajaýyp sahnada türkmen, gazak, gyrgyz, täjik we özbek dillerinde Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” diýen meşhur goşgusy ýaňlandy. “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar” diýip, agzybirlige çagyrýan goşgy setirleri asyrlar geçse-de güýjüni ýitirmän, türkmenleriň parahatçylyk söýüjiligini we göwnaçyklygyny beýan edýän şygara öwrüldi. Nesillere niýetlenen şahyrana setirler dostlukly ýurtlaryň we halklaryň taryhy ýadygärlikleri hem-de medeni miraslary hakyndaky wideoşekiller bilen utgaşdy.
Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň halklarynyň özara, şol sanda türkmen halky bilen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklarynyň şöhratly taryhy we baý geçmişi bar. Bu gün Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary halklaryň arasyndaky asyrlaryň dowamynda özara gatnaşyklaryň aýratyn täsin görnüşini kemala getirýän umumy ösüş binýadyna esaslanýar. Bu bolsa medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, gymmatlyklaryň hem-de ahlak ýörelgeleriniň umumylygyny özünde jemleýär. Ata-babalarymyzdan bize gelip ýeten bu gymmatlyklar häzir aýawly goralyp saklanylýar we nesilden nesle geçirilýär.
Häzirki döwürde medeniýet we taryh döwletara gatnaşyklary berkidýär, adamlaryň özara ýakynlaşmaklarynyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Biziň döwletlerimiz giň ynsanperwer gatnaşyklary goldap, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de birek-birege mähirlilik däpleriniň dowamatlylygyny üpjün edýärler.
Yzygiderli medeni gatnaşyklar möhüm wezipäni — medeniýetleriň toplumlaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny hem-de edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamynda häzirki zamanyň gazananlarynyň wagyz edilmegini, döredijilik gatnaşyklarynyň giňden höweslendirilmegini ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalar beýan edilip, şol gatnaşyklaryň has-da öňe ilerledilmegine ýardam berýän sebitiň ähli ýurtlarynyň umumy medeni giňişligi hem-de umumy taryhy nygtaldy.
Bäş döwletiň Liderleri Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine hem-de BMG tarapyndan yglan edilen Halkara medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň 10 ýyllygynyň ruhunda medeniýetara gatnaşyklary ösdürmek, medeniýetleriň köpdürliligini we milletara garaýşy goramak, saklamak hem-de höweslendirmek, sebitiň etnosyýasatyny, maddy we maddy däl medeni hem-de tebigy mirasyny öwrenmek we goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hem-de özara goldaw bermek, edebi gatnaşyklary kämilleşdirmek, halkara festiwallary, forumlary we bäsleşikleri geçirmek, aýdym-saz, teatr, şekillendiriş hem-de senetçilik sungaty we kinematografiýa, teleradioýaýlymlar, arhiw, muzeý hem-de kitaphana işi babatda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, raýatlaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda göni gatnaşyklary we syýahatçylygy ösdürmek barada ylalaşdylar.
Taraplar bu ugurda özara gatnaşyklara ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen, “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we bir geljek” atly forumy döretmek barada bir pikire geldiler.
Döwlet Baştutanlary 6-njy awgustda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertine ýokary baha berdiler. Konsert özüniň doganlyk halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge hem-de bu ulgamyň işgärleriniň arasyndaky döredijilik gatnaşyklary kämilleşdirmäge ýardam bermek baradaky baş wezipesini doly ýerine ýetirdi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen döredijilik çäresi we dabaraly konsert Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle çäreler ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklaryň berkidilmegine hyzmat edýär, dostluk hem-de raýdaşlyk ýollaryny çekip, tutuş dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.