Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Ykdysadyýet
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
Çap edildi 08.08.2021
6138

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli mazuty satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurtly işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, ECO-93 kysymly awtobenzini, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine nah ýüplük, jinsi matalary, haly önümleri, float aýna, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 109 million 678 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri nah ýüplügi we haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy 3 million 604 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 209 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow