Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilýän foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Gutlagda bellenilişi ýaly, ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak, sebitdäki her bir ýurduň halklarynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak Merkezi Aziýa sebitiniň ileri tutulýan ösüş ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky döwürde sebitiň ýurtlary durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşe, innowasiýa senagatyny we ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge gönükdirilen giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler.
Şonuň bilen birlikde, häzir sebitiň içinde, şeýle hem beýleki döwletler we halkara ykdysady guramalar bilen özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň täze döwrebap görnüşleri we nusgalary zerur bolup durýar. Olar dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň döredilmegine, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna kybap gelmelidir. Bularyň hemmesi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häsiýetini gaýtadan kesgitlemegi, täze, geljegi uly bolan ugurlara çykylmagyny talap edýär diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda aýdylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirmek bilen şu günki duşuşygyň dünýä ykdysadyýetiniň duçar bolan uly wehimleriniň dowam edýän wagtynda geçýändigini belledi. Şol wehimler Merkezi Aziýa döwletleriniň hem duşundan geçmedi. Diňe çökgünligiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga däl-de, eýsem, ykdysady ösüşiň durnukly ugruna çykmaga, durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin şertleriň üpjün edilmegine, sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda, özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary we anyk wezipeleri işläp taýýarlamagyň zerurlygy has-da artýar. Şunda Türkmenistan esasy ugurlaryň hatarynda ulag we energetika ulgamlaryny ileri tutýar. Hyzmatdaşlygyň bu ugurlaryna garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň umumylygy Merkezi Aziýa döwletleri üçin iş ýüzündäki gatnaşyklar babatda degişli şertleri döredýär. Bu ýerde gürrüň bir bitewi maksatlaryň ikisi barada, birinjiden, sebitiň içinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ikinjiden, häzirki zaman geoykdysadyýetiň möhüm subýekti hökmünde kontinental we dünýä hojalyk gatnaşyklaryny doly derejede gurmak hakynda barýar.
Biziň ýurtlarymyzda bar bolan bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklary — strategik Ýewraziýa ýollarynyň çatryklarynda çäk taýdan ýerleşmegiň amatlyklaryny, uly möçberli serişde — çig mal kuwwatyny, ykdysady ösüşde ölçegleriň birnäçesi boýunça düzüm ylalaşyklygyny doly peýdalanmak gerek diýip, S.Berdimuhamedow belledi.
Bu şertler Merkezi Aziýany uly we uzak möhletleýin daşarky maýa goýumlary üçin özüne çekiji sebite öwrüp, giň halkara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri açýar. Şunda bir zat aýdyň, ol hem agzalan mümkinçilikleri ýakynlaşdyrmak üçin degişli derejedäki itergini sebitiň döwletleriniň özi anyk ädimler, ozaly bilen, giň gerimli düzüm taslamalarynyň başyny başlamak arkaly amal etmelidir.
Soňky ýyllarda Türkmenistan milli, sebit we halkara ulag-logistika we energetika ulgamyny yzygiderli ösdürýär we kämilleşdirýär. Ýurtda döwrebap awtomobil, demir ýollarynyň, deňiz port düzüminiň, howa menzilleriniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.
Ýurduň gündogarynda gaz ýataklaryny Hazaryň kenary bilen birleşdiren Gündogar — Günbatar gaz geçirijisini gurmagyň milli taslamasy üstünlikli amala aşyryldy. Türkmen tebigy gazyny Hytaý Halk Respublikasyna ibermek boýunça strategik taslamanyň başy başlandy we durmuşa geçirildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmagyň taslamalaryna badalga berildi. Türkmenistandan Owganystana tarap geljekde Pakistanyň ýol-ulag düzümi bilen birleşdirilmegi göz öňünde tutulýan demir ýollar çekilýär.
Bu mysallar biziň sebitimizde we çäkleşýän zolaklarda iri taslamalary amala aşyrmagyň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goldaw bermegi we ýardam etmegi bilen amala aşyryp boljak wezipedigini görkezýär diýip S.Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň şol ugurlar boýunça bilelikde işlemegiň uly mümkinçiliklerini görýär hem-de sebit boýunça goňşularyny döwrebap ulag-logistika we energetika düzümini döretmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamaga işjeň goşulmagy teklip edýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary sözüni dowam edip, hut şeýle ugur bilen, bilelikde hereket edip, biziň ýurtlarymyzyň häzirki geoykdysady işlerde mynasyp orun eýeläp, olaryň durnukly we uzak möhletleýin ösmegi, Merkezi Aziýa halklarynyň abadançylygynyň hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edip boljakdygyna ynamyň bardygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek möhüm wezipe bolup durýar. Hoşniýetli goňşuçylygyň bilelikdäki tejribesine we däplerine daýanmak bilen, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täze itergini bermek, biziň ýurtlarymyzyň işewürleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň ugurlaryny işjeň peýdalanmak, sebitiň içinde maýa goýumlaryny höweslendirmek, serhetýaka söwda-täjirçilik işine ýardam etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, esassyz we könelen çäklendiriji böwetleri aradan aýyrmak hakynda oýlanmak gerek.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy ykdysady kuwwatynyň doly netijeli ulanylyp, dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologiýa düzümlerine tarap gönükdirilmegine ynanýarys diýip, S.Berdimuhamedow belledi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň tagallalary, olaryň syýasy erki, öňdengörüjiligi we jogapkärçiligi netijesinde häzir sebitimizde ähli ugurlarda bilelikde işlemek üçin örän amatly şertler döredilýär. Biziň umumy üstünligimiziň, öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmegiň girewi şundadyr.
Häzirki forum, onuň işiniň barşynda garaljak meseleler biziň ýurtlarymyzyň yzygiderli gatnaşyklaryna badalga bermek, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Merkezi Aziýadaky ykdysady işlere gatnaşmagyny giňeltmek we işjeňleşdirmek üçin esas bolup, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini görmäge ýardam eder.
Türkmenistan amal ediljek döredijilikli işlere, ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara netijeli işlemegi, gyzykly we peýdaly ara alyp maslahatlaşmalary geçirmegi arzuw etdi.
Soňra ugurlar boýunça mejlisleriň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, olaryň energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlara seredildi.
Türkmenistanyň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilen ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri öz beýanyny tapyp, dürli derejelerdäki ugurdaş gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna eýe bolup, olar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbidini hormatlamak ruhunda ösdürilýär. Köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti täze resminamalar bilen yzygiderli ýetirilýär we berkidilýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu günki forumyň ähmiýeti bellenildi, onuň gün tertibi häzirki wagtda we geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini şöhlelendirýär. Olaryň hatarynda sebitiň döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygy, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagy bilen bagly meseleler bar.
Häzirki döwürde ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan Merkezi Aziýanyň geosyýasy we geoykdysady gatnaşyklaryň ählumumy ulgamynda eýeleýän orny yzygiderli artýar.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi ugur edinýän strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly giňeldilmegi bäş ýurduň hemmesiniň syýasy ugruna doly derejede kybap gelýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň önümçilik sektoryna döwlet, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny goýmak bilen, milli ykdysadyýetini okgunly ösdürmek üçin mäkäm binýady döredýändigi bellenildi.
Ähli pudaklara innowasiýalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, eksport we import harytlarynyň ornuny tutýan harytlary öndürýän täze önümçilikleriň döredilmegine, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hilini gowulandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Netijeli maýa goýum syýasaty ýokary ykdysady ösüşi üpjün edýär. Dünýäniň ençeme ösen döwletlerine täsirini ýetiren ykdysady çökgünlilik şertlerinde hem Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly bolup, maýa goýumlaryň paýy ýokary derejede saklanýar.
Her ýyl uly möçberdäki pul serişdeleri iri möçberli, halkara ähmiýeti bolan sebit we milli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýär.
BMG, beýleki iri halkara guramalar, maliýe edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika we ulag ulgamynda öňe sürýän başlangyçlaryna giň goldawyň berilmegi ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini, şol sanda halkara nukdaýnazaryndan ösüşini şertlendirýär. Bu bolsa degişli ugurlarda uzak möhletli, köptaraplaýyn yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döredýär.
Tebigy gazynyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz ekologiýa taýdan arassa ýangyjy dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly düzümini yzygiderli kemala getirýär. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi energetika ulgamynda sebitiň döwletleriniň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Onda müňýyllyklaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy.
Şunuň bilen birlikde, himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Soňky on ýylyň içinde bu pudagy ösdürmäge goýlan maýa goýumlaryň möçberi ABŞ-nyň 8 milliard dollaryndan gowrak boldy.
Azot dökünlerini öndürýän “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlary, Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawod, Lebap welaýatyndaky kaliý dökünlerini öndürýän toplum ýaly, çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat toplumlary guruldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň köpýyllyk hyzmatdaşlarynyň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan kompaniýalar, şol sanda Gazagystan Respublikasyndan “Kazfosfat” we “Kazazot”, Özbegistan Respublikasyndan “Uzkimýosanoat”, “Ferganaazot” we “Maksam Çirçik” ýaly kärhanalar bar.
Sebitiň döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin elektroenergetika, ýod we sulfat senagatynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde hem uly mümkinçilikler bar. Hususan-da, “Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda elektroenergiýa bazaryny döretmek boýunça СASA-1000” taslamasynyň çäklerinde elektrik geçiriji ulgamlary gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde daşary ýurt wekiliýetleriň wekilleri söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge özara islegiň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, ulag we logistika ulgamynda özara gatnaşyklara ähmiýetli orun berilýär. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşma şertlerinde goşulyşmagyň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň üstünden geçýän transkontinental ýollaryň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara geçelgeleriň döredilmegi goňşy döwletleri durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek üçin şertleri üpjün eder, olaryň maýa goýum özüne çekijiligini artdyryp, sebit we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Hususan-da, Demirgazyk — Günorta döwletara demir ýolunyň (Gazagystan — Türkmenistan — Eýran), Gazagystanyň hem goşulan Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag ýolunyň, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag-üstaşyr geçelgesiniň (“Lapis Lazuli”) ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şonuň bilen birlikde, dürli ulgamlara we pudaklara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik düzümleriniň, orta we kiçi işewürligiň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEСA), Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (СAREС) çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi.
Geçirilen çekişmeleriň netijeleri hem-de işlenip taýýarlanylan maslahatlar forumyň Jemleýji resminamasynda beýan edildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklary dowam etmek ugrunda çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlar we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine aldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Olar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassykladylar.