Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen gallaçylary uly zähmet üstünlikleri gazanýarlar
Ykdysadyýet
Türkmen gallaçylary uly zähmet üstünlikleri gazanýarlar
Çap edildi 21.06.2021
3469

Türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ekerançylygyň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.

Gallaçylarymyzyň durmuşynda dowam edýän gyzgalaňly orak möwsüminde iş depginleri gün-günden ýokarlanýar. Şonuň netijesinde bolsa döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän etraplaryň sany barha artýar.

Ine, 21-nji iýunyň agşamyndaky ýagdaýa görä, birbada dokuz etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna guwançly hoş habary iberdiler.

Şatlykly habary iberenleriň hatarynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň kärendeçi gallaçylary bar. Olar şu möwsümde 47 müň 450 tonnadan gowrak galla öndürdiler.

Bäherden etraby hem öňde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirip, Watan harmanyna 44 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar.

Şeýle hem Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri 80 müň 500 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý taýýarlap, zähmet ýeňşini gazandylar.

Lebap welaýatynda hem ekerançylaryň uly netijelere eýe bolmagynda Çärjew etrabynyň gallaçylarynyň mynasyp paýy bar. Olar 51 müň 700 tonnadan gowrak bugdaý taýýarlap, öňde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirdiler, şeýle hem Halaç etrabynyň ekerançylary 53 müň 500 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, orak möwsüminde galla ýygnap almak baradaky şertnamalaýyn borçnamany welaýatyň Saýat etrabynyň daýhanlary hem ýerine ýetirdiler. Olar 46 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny Watan harmanyna goşmagyň hötdesinden geldiler.

Zähmet ýeňşini gazanýan edermen daýhanlaryň hataryna Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň gallaçylary hem goşuldylar. Olar 30 müň 760 tonnadan gowrak bugdaý taýýarlap, öňde goýlan wezipäni abraý bilen berjaý etdiler. Şonuň ýaly-da, welaýatyň Sakarçäge we Baýramaly etraplarynyň gallaçy daýhanlary hem degişlilikde, 44 müň 440 tonnadan gowrak we 38 müň 900 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý taýýarlap, döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar bilen begendirdiler.

Tutuş möwsümiň dowamynda bugdaý meýdanlaryna yhlasly ideg edildi. Ekin meýdanlaryna ýeterlik mukdarda mineral we organiki dökünler berildi. Ähli möhüm agrotehniki çäreler alym-agronomlaryň maslahatlary esasynda ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny tehniki taýdan üpjün etmek meselelerine berýän ünsi netijesinde, soňky ýyllarda galla orujy kombaýnlarynyň üsti täze tehnikalar bilen ýetirildi, bu bolsa galla oragynyň depginlerini güýçlendirmäge, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge milli Liderimiziň aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Bu ulgama uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, bu bolsa welaýatlaryň ýokary depginlerde ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we umuman, döwletimiziň ykdysady abadançylygynyň, ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berer.

Öňdebaryjy etraplaryň bugdaý taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmekleri ýurdumyzyň beýleki etraplarynyň gallaçylaryny hem zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Şeýle zähmet üstünligi özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan eziz Diýarymyzyň ähli gallaçylarynyň hem döwlet tabşyryklaryny abraý bilen berjaý etjekdiklerine berk ynam döredýär.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow