Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şähergurluşyk we durmuş üpjünçiligi ulgamynyň gazananlaryny beýan etmek maksady bilen her ýyl geçirilýän bu sergi paýtagtymyzyň, şeýle hem tutuş ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ösüşiniň ileri tutulýan möhüm wezipelerini netijeli çözmekde ähmiýetli orun eýeleýär, şäherleriň we sebitleriň durmuş üpjünçiliginiň netijeli guralmagyna gönükdirilen dünýä tejribesi hem-de täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda bu sergi türkmenistanlylaryň gün-günden gözelleşýän paýtagtymyza ýokary buýsanç we ählumumy watançylyk duýgularynyň belentligini açyp görkezýär. Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabat täze taryhy döwrüň belent döredijilik ylhamynyň çeşmesidir. Paýtagtymyz Watanymyzyň ajaýyp şu gününiň hem-de nurana geljeginiň aýdyň beýanydyr.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gezekki forum aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Garaşsyz Türkmenistan ösen senagat döwletine öwrülmek bilen, bütin dünýä ýokary ykdysady ösüşiň, serişdeler mümkinçilikleriniň hem-de ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatynyň nusgasyny görkezýär, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna çalt depginde goşulyşýar.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli serginiň meýdançalarynyň birinde şähergurluşyk, dolandyryş ulgamlary, inžener-üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk, senagat we durmuş düzümleri, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa, abadançylyk ýaly ýörite bölümler görkezilýär.
Sergä kärhanalaryň we beýleki düzümleriň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu foruma ýokary gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat okgunly ösýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr, bu ýerde gözellik bilen amatlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inžener-tehniki çözgütler we gadymdan gelýän milli binagärlik ýörelgeleri, şeýle hem türkmen halkynyň özboluşly durmuş ýörelgeleri sazlaşýar.
... Sergi merkezinde baýramçylyk ýagdaýy emele gelýär, aýdym-saz ýaňlanýar, milli lybasdaky gyzlar myhmanlara duz-çörek hödür edýärler. Diwarlarda gurnalan uly monitorlar, döwrebap wideoenjamlar, bannerler we pannolar häzirki zamanyň uly şäheriniň durmuşyny giňden açyp görkezýär.
Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu köpugurly serginiň ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabadyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä äşgär etjekdigine, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna, paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň örän owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirýär.
Sergide ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler. Bu gözden geçirilişiň maksady, ozaly bilen, häzirki wagtda Türkmenistanda has uly gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk ulgamyna gönükdirilendir. Olaryň biriniň — gurluşyk pudagynyň uly geljegi bardyr hem-de milli ykdysadyýetimiziň çalt ösýän ugry bolmak bilen, maýa goýujylarda we potratçylarda uly gyzyklanma döredýär.
Ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary — “Buig Türkmen”, “Gap Inşaat”, “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret”, “Çalyk Enerji Sanaýi we Tijaret”, “Altkom”, “Wozroždeniýe ÖB” paýdarlar jemgyýeti, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasy, “Zeppelin” Türkmenistan JV” hojalyk jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, dynç alyş ulgamy we beýleki ugurlary hem öz içine alýan innowasiýa işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.
“Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sergi bölümlerinde kartalaryň we pannolaryň üsti bilen halk hojalyk toplumynyň binýatlyk pudaklarynyň ösüş depginleri beýan edildi.
Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň: Senagat we gurluşyk önümçiligi, Gurluşyk we binagärlik, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň, obasenagat toplumynyň, jemagat hojalygynyň, bilim ulgamynyň we beýlekileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.
Dokma senagaty ministrligi ýurdumyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini görkezýär. Bu ýerde nah we ýüpek matalaryň, tikin hem-de örme önümleriniň ýokary hilli, ajaýyp bezegli, milli öwüşginli dürli görnüşleri görkezilýär.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň hem-de halyçylyk bilen meşgullanýan köp sanly telekeçileriň we halk senetçileriniň elde dokalan haly önümleri sergä gelýänleriň ünsüni çekýär.
Ýokary hilli haly önümleriniň dürli görnüşlerini görkezýän obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeleýär.
Paýtagtymyzyň häkimliginiň sergi bölümlerinde bag nahallaryny ösdürip ýetişdirýän, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş serişdelerini, bezeg önümlerini, mebelleri hem-de olara degişli esbaplary, aşhana enjamlaryny, durmuşda ulanylýan aýna önümlerini öndürýän kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirilipdir. Bu bölümlerde häzirki zaman şäheriniň gündelik durmuşyna degişli ähli zatlary synlamak bolýar.
Bilim ministrliginiň we ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda barlaghanalar üçin iň täze enjamlaryň giň toplumy, talyplaryň halkara bäsleşiklerde mynasyp bolan medallary we diplomlary görkezilýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň hünär ugurlary, okatmagyň häzirki zaman usulyýetleri barada giňişleýin maglumatlary almak mümkin.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň howply ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmaga goşan goşandynyň subutnamalary bolan halkara güwänamalaryň nusgalaryny, derman önümlerini, dürli lukmançylyk gurallaryny, lukmançylyk gorag lybaslarynydyr esbaplaryny, tebigy bezeg serişdelerini we beýlekileri görkezýär.
Sergi Türkmenistanyň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, jahankeşdelik pudagynyň meýilleri, dynç alşyň dürli görnüşleriniň guralyşy, medeni-aň düşünje we ülkäni öwreniş işleri barada iň täze maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletimiziň durnukly ösüşine ýyl-ýyldan has uly goşant goşýan hususy işewürligiň wekilleri halk hojalyk toplumynyň dürli önümçilik pudaklarynda öz orunlaryny barha berkidýärler.
Bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde milli ykdysadyýetimizde öz ornuny pugtalandyrýan ýurdumyzyň telekeçileri sergide öz işleriniň dürli ugurlaryny görkezdiler. Şolaryň hatarynda “Ussat inžener”, “Ak bulut”, “Derýaplastik”, “Ter”, “Döwletli döwran” we beýleki gurluşyk kärhanalary bar.
Häzirki zaman çaphana hem-de neşir işiniň gazananlaryny görkezýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy hem uly gyzyklanma döretdi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hormatly orun eýeleýär, bu eserleriň hatarynda milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby bar.
Diwarlyklaryň hem-de ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dürli harytlarynyň bezeginde “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň, şu ýyl bellenilýän şanly seneler — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň nyşanlarynyň giňden ulanylýandygyny bellemek gerek.
Ertir sergi öz işini dowam eder. Ol tamamlanandan soňra gatnaşyjylaryň hemmesine degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşurylar.