Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Jemgyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 06.05.2021
2962

Şu gün BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde onlaýn duşuşyk geçirdi. Ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlandy.

Duşuşyga milli teleradioýaýlymlaryň, metbugat we elektron neşirleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem welaýatlaryňdyr Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre dördünji gezek geçirilýär hem-de Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň bir bölegidir.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýgandyň çykyşynda belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän meýilnamanyň amala aşyrylmagyny seljermäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýokanç keselleriň öňüni almak, hususan-da, COVID-19 pandemiýasy döwründe ilata sanjym etmek boýunça çäreleriň netijeli wagyz edilmegine amatly şertleri döredýär.

Sanjym işleri türkmen Lideriniň başyny başlan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň esasy ýörelgeleri ilatyň saglygyny has-da pugtalandyrmakda hem-de raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakda, ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde jemlenýär. Türkmenistan ýokanç kesellere garşy tölegsiz esasda sanjym geçirýän ilkinji we ýeke-täk ýurt bolup durýar.

BSGG-niň wekili COVID-19 pandemiýasy hem-de sanjym işleri barada täze maglumatlary getirip, Türkmenistanda bu guramanyň maslahatlaryna laýyklykda, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak işi bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini, saglygy goramak, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar şu meseläni şöhlelendirmekde öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşdylar. Hususan-da, COVID-19-a garşy bar bolan sanjymlar, ilaty sanjyma taýýarlamagyň tapgyrlary barada habar berildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow