Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Online hyzmatlaryny bermek işi ýola goýuldy
Jemgyýet
Online hyzmatlaryny bermek işi ýola goýuldy
Çap edildi 18.04.2021
5918

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, Türkmenistanyň adalat edaralarynda berilýän hukuk kömekleriniň hilini ýokarlandyrmak babatynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň adalat edaralary tarapyndan birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda habar berilýär.

Şunuň bilen baglylyk-da, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açylmagy hem-de onda Gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internediň üsti bilen online görnüşde sargytlary etmek mümkinçiligiň döredilmegi bellenilmäge mynasyp täzelikdir.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda döredilen bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin Gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna online görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin online sargytlary edip bilerler.

Mundan başgda, Gulluk tarapyndan Gulluk bilen Gullugyň ýerli edaralary hem-de beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň arasynda maglumat-telekommunikasiýa tor aragatnaşygy emele getirildi. Türkmenistanyň döwlet dolandyryş edaralary bilen Gullugyň arasynda sanly tor aragatnaşygynyň döredilmegi bilen, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin zerur bolan maglumatlary beýleki döwlet dolandyryş edaralaryndan elektron görnüşde sorap almak işi üstünlikli ýola goýuldy.

Şeýle-de, durmuşa geçirilýän bu işleriň çäginde, Gullugyň Aşgabat şäher müdirligine we onuň ýerli edaralaryna gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak üçin gelýän şahslaryň ýokary rahatlygyny üpjün etmek maksady bilen, elektron petekli intellektual turniket nobat ulgamy ulanyşa girizildi.

Bu sanly mümkinçilikleriň döredilmegi ilki bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralaryna hukuk kömegini almak üçin gelýän şahslara berilýän hukuk hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmeklige ýardam eder.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow