Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen Önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň maslahaty
Ykdysadyýet
Türkmen Önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň maslahaty
Çap edildi 08.04.2021
4767

Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän çäräniň maksady ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ulag hyzmatlaryna isleg bildirýänleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan, döwlet hem-de hususy pudaklary ösdürmekden, ulag we kommunikasiýa ulgamynda işleýän ýurdumyzyň telekeçileriniň maýalaryny çekmek arkaly, import önümleriniň ornuny tutýan harytlary, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Diýarymyzda amala aşyrylýan bazar ykdysadyýetine toplumlaýyn we tapgyrma-tapgyr geçmek işleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek, olar bilen üstünlikli bäsleşmäge ukyply, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary doldurmak babatdaky wezipeleri çözmek bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, kiçi hem orta telekeçiligi, hojalygy dolandyrýan taraplaryň işewürlik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak boýunça amala aşyrylýan işjeň we yzygiderli syýasat öz miwelerini berýär.

Türkmenistanyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti ösüşiň innowasion ýoluna geçirmekde, senagaty täze ugurlary höweslendirmegiň hasabyna diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde döwlet we hususy hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Diýarymyzyň haryt öndürijilerine ýardam etmek boýunça syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde import harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kärhanalar açylýar.

«Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ähli çäreler görülýär. Bu maksatnama ýurdumyzda hususy pudagyň işini işjeňleşdirmek arkaly Türkmenistanda ykdysady we durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri ätiýaçlyk şaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary hakynda maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Habar berlişi ýaly, olary öndürmek üçin ýurdumyzda zerur bolan enjamlar bar. Muňa garamazdan, degişli toplumyň kärhanalarynyň önümçilik hajatlary üçin zerur serişdeleriň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň uly möçberi daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Şunuň bilen baglylykda, teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlary, demir ýollary üçin ätiýaçlyk şaýlary özümizde öndürmegiň zerurdygy hakyndaky tekliplere garaldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, işiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.

Mundan başga-da, demir ýollaryň ugrunda ýerleşen ýük saklanylýan ammarlary gurmak we döwrebaplaşdyrmak, ýerlerde wagon terezilerini oturtmak, teplowozlaryň elektrik hereketlendirijilerine hyzmat edilmegini üpjün etmek, täze wagonlary ýygnamak, ýük konteýnerlerini we beýlekileri satyn almak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoluny, Akina — Andhoý we Turgundy — Hyrat demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtoulag köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy we beýleki şäherlerdäki döwrebap howa menzillerini nazara almak bilen, import harytlarynyň ornuny tutýan täze önümçilikleri döretmegiň zerurdygy bellenildi.

“Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň hünärmenleri tarapyndan ýolagçylara döwrebap hyzmatlary etmek, ýolagçy wagonlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olarda internet hyzmatyny ýola goýmak, pudagyň garamagyndaky düzümler üçin ätiýaçlyk şaýlary we serişdeleri öndürýän öz önümçiliklerimizi gurmak bilen bagly tanyşdyryş çäreleri geçirildi.

Hususan-da, uçarlaryň we deňiz tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň ulanyş ýagdaýyna, ýolagçylara internet hyzmatlarynyň hödürlenilmegine, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine hem-de ýük konteýnerleriniň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerine üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde, ýurdumyzda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze howa menzilleri gurlup ulanmaga berildi. Olar islendik ýük göterijiligi bolan howa gämilerini kabul etmäge we ugratmaga ukyplydyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň awiasiýasyny ösdürmek boýunça wezipeleri öňde goýmak bilen, Halkara howa ulaglary assosiasiýasyna (IATA) girmek boýunça degişli işleri geçirmegi talap edip, şunda halkara tejribäni öwrenmek arkaly, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagy dowam etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ýükleri ugradýanlaryň we kabul edýänleriň arasyndaky hyzmatlaryň sanly ulgama geçirilmegi hakynda maglumat uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Hususan-da, elektron hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, Uber Freight programmasyna meňzeş, ýurdumyzda täze goşundyny işläp taýýarlamak hakynda teklibe seredildi. Şeýle hem, “Taksi hyzmatlary” taslamalaryny amala aşyrmak maksady bilen, Ahal welaýatynda awtoulag kärhanasyny döretmek teklip edildi.

Önüm öndürmek, şol sanda import önümleriniň ornuny tutýan harytlary öndürmek babatda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Aragatnaşyk ulgamynda peýdalanmak üçin zerur bolan öýjükli sim-kartlary, akkumulýatorlary we kabelleri öndürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, halkara telefon we maglumatlar ulgamyny ösdürmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tehnologiýalary ugur edinýän milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatyna aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze görnüşlerini hödürlemäge aýratyn üns berilýär, dürli programmaly önümleri döretmek we goldamak babatda ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.

Maýa goýum forumy ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýokary hilli import we eksport ugurly önümçilik babatdaky kuwwaty artdyrmak üçin tehnologik täzelikleri teklip etmäge taýýar ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini aýdyň görkezdi.

Maýa goýum forumy öz işini 9-njy aprelde tamamlar.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow