Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
Ykdysadyýet
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
Çap edildi 31.03.2021
4334

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň, halkymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiziň başynyň dik bolmagyny Beýik Biribardan diläp, gowaçanyň ilkinji dänelerini topraga atdylar, soňra mehanizatorlara gezek berdiler.

Şu ýyl demirgazyk welaýatda gowaça ekiljek ýerler 155 müň gektara deň bolup, şol ýerlerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “149 F” ýaly orta süýümli sortlaryny ekýärler.

Ekiş döwründe ýokary öndürijilikli bejergi traktorlarynyň 2 müň 20-den gowragy, şeýle hem ekijileriň 452-si we pagta kultiwatorlarynyň zerur bolan möçberleri işlediler. Welaýatda 132 sany topar döredilip, olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşaýan awtoulaglar bilen üpjün edildi. Umuman, bularyň hemmesi geljekki hasylyň ygtybarly esasyny tutýan ýer işleriniň bökdençsiz depginini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýazky ekişe badalga berilmezden öň, Daşoguz welaýatynyň häkimliginde maslahat geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmek, degişli agrotehniki işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek, möwsüme gatnaşýan ähli gulluklaryň takyk we sazlaşykly işlemegini üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

S.A.Nyýazow adyndaky etraby ekişiň başlanmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň merkezine öwrüldi, bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de demirgazyk sebitiň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreler Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda hem geçirildi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan medeni maksatnama aýdym-saz hem-de folklor-tans toparlarynyň çykyşlaryny öz içine aldy.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow