Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 23.09.2016
1196

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hillden ynanç hatyny kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlik arzuw etdi. Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 25 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýetirdi. Ilçi dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň ýardam edýän ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda myhmana Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine, durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen milli we halkara taslamalaryň we maksatnamalaryň wezipeleri barada gürrüň berildi. Diplomat şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýan parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak barada teklip aýdyldy. Diplomat Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, öz ýurdunyň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türkmenistan we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-de köpsanly oňyn başlangyçlaryň awtory hökmünde meşhurdyr. Duşuşygyň ahyrynda jenap Ian Hill öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki dostlukly halkyň hem-de döwletleriň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň ýardam etjekdigine ynandyrdy. *** Şu gün Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hill Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow