Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleriň hödürlenmegi
Syýasy habarlar
Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine dalaşgärleriň hödürlenmegi
Çap edildi 28.09.2016
1156

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Türkmenistanda käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlaw möwsümine badalga berildi. Şu gün, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Ahal welaýatynyň 24-nji ""Duşak"" saýlaw okrugynda Demokratik partiýanyň Ahal welaýat komitetinden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärlige hödürlemek boýunça ýygnak geçirildi. Oňa gatnaşanlar dalaşgärlige hödürlenýäniň zähmet ýoly, döwletiň we jemgyýetiň mundan beýläk hem demokratik ösüş ýoluna garaýyşlary bilen tanşyp, onuň iş başarjaňlygy we şahsy häsiýetleri ara alyp maslahatlaşylandan soňra, ýurdumyzyň kanun çykaryjy düzümine ony dalaşgärlige görkezmegi goldadylar. Ýakyn wagtlarda, şeýle maslahatlar Mary welaýatynyň 119-njy ""Atçapar"" we 124-nji ""Pendi"" saýlaw okruglarynda hem geçiriler. Saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilýän möwsümiň hem esasy ýörelgeleri, ähli ozalky geçirilenler ýaly,türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik kadalarynyň ýüze çykmasynyň esasy şertleri bolan saýlap almaga giň mümkinçilik we aç-açanlyk bolup durýar. Elbetde, ildeşlerimiziň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan türkmen halkynyň iň bir mynasyp wekilleri Mejlise deputat bolmak üçin bäsleşerler. Dalaşgärlige hödürlemek syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we birleşmeleri hem-de raýatlar toparlary tarapyndan amala aşyrylýar. Ähli saýlaw okruglarynda deputatlyga bir orna birnäçe dalaşgär bolar. Bu bolsa saýlawlarda seçip almaga giň mümkinçilik döreder. Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň sanawy tassyklanyp, hasaba alynandan soň ol metbugatda çap ediler. Soňra hemme dalaşgärler we olaryň ynanylan wekilleri üçin wagyz etmäge hem-de saýlawçylar bilen duşuşyk geçirmäge, şol sanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky saýlaw çärelerinde, maslahatlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge deň mümkinçilik dörediler. Öz gezeginde ähli saýlawçylara —raýatlara we jemgyýetçilik birleşmelerine dalaşgärlige hödürlenenleri hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga şert dörediler. Bu bolsa olara her bir dalaşgäriň iş başarjaňlygy hem-de şahsy häsiýetleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. 20-nji noýabrda bellenen saýlawlar türkmenistanlylaryň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy hem-de başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän, ähli jemgyýetiň biragyzdan goldawyna eýe bolan demokratik we oňyn özgertmeleriň ýoluna ygrarlydygyny görkezmelidir. Täze taryhy eýýamda döwlet we syýasy-jemgyýetçilik ösüşiniň esasy ugurlary hem-de artykmaçlyklary golaýda geçirilen Ýaşulylaryň maslahatynda kabul edilen hem-de türkmenistanlylaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň mizemez kepili bolup durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze, rejelenen görnüşinde aýdyň beýanyny tapdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow