Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Jemgyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 16.03.2021
5601

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ählumumy we sebit derejesindäki mümkinçilikler, ýetilen sepgitler hem-de bu ulgamda öňde durýan wezipeler, adam hukuklaryny berjaý etmekde halkara konwensiýalaryň orny, dürli ýurtlaryň kanunçylyklaryna umumy ykrar edilen kadalaryň ornaşdyrylyşy we ony ýerine ýetirmegiň seljerme gurallary baradaky çykyşlar diňlenildi. Pikir alyşmalaryň çäklerinde, degişli maglumatlara laýyklykda, ähli gatnaşyjy döwletleriň zenanlarynyň hukuklarynyň goralmagyna hem-de gender deňliginiň ilerledilmegine gönükdirilen öňdebaryjy milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kemala getirmekde olaryň ösüşleri gazanandyklary bellenildi.

Öz nobatynda, biziň ýurdumyzyň wekilleri bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyna syn bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zenanlaryň orny hakynda çykyş etdiler. Deň hukuklar we azatlyklar, erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Biziň ýurdumyz 1996-njy ýylda zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda BMG-niň Konwensiýasyna hem-de 2009-njy ýylda oňa Fakultatiw teswirnama goşulyşmak, zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä konferensiýasynyň Hereketleriň Pekin platformasynyň Maksatnamasyny kabul etmek bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň degişli komitetiniň maslahatlarynyň durmuşa geçirilmegine, degişli resminamalaryň ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrylmagyna, bu ugurda milli guralyň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligi boýunça Hereketleriň ikinji milli meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu ulgamda ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezildi. Maksatnamalaýyn resminamada bu ugurda döwlet syýasaty, onuň maksatlary, wezipeleri hem-de ýörelgeleri kesgitlenilýär. Bu eýýam Hereketleriň ikinji milli meýilnamasydyr. Onuň birinjisi 2015 — 2020-nji ýyllarda üstünlikli ýerine ýetirildi.

Çykyş edenleriň pikirine görä, şu gezekki duşuşyk bu ulgamlarda Merkezi Aziýada hem-de onuň çäklerinden daşarda toplanylan oňyn tejribäni alyşmak üçin amatly mümkinçilik boldy. Onlaýn maslahatyň jemleri boýunça maslahat beriş häsiýetli resminamanyň kabul edilmegi bilelikdäki işiň aýdyň netijesi bolup durýar. Ýygnananlar onuň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu resminamada bellenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň geljekde gender deňligi we durnukly ösüş ulgamynda syýasatyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow