Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 09.01.2021
6885

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy. Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, Hytaý, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 908 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Pakistanyň we Gazagystanyň işewürler toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 26 million 984 müň manatlykdan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 2 million 405 müň manatlykdan gowrak mäş hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow