Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby arap dilinde neşir edildi
Jemgyýet
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby arap dilinde neşir edildi
Çap edildi 22.12.2020
5305

Şu gün paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Çärä gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplar, daşary ýurtlaryň we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sanly aragatnaşyk arkaly tanyşdyrylyş çäresine Birleşen Arap Emirliklerinden alymlar we hünärmenler hem goşuldylar. Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi-filosofik eseriniň milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dowamatlylygyny üpjün etmäge hem-de mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam etjekdigini biragyzdan bellediler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr. Ynsanyň gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllaryň hem-de parasatly sözleriň, döredijilik taýdan ussatlyk bilen ulanylmagy döwlet Baştutanymyzyň edebi eserleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu kitabyň eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin, ukrain we türk dillerine terjime edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň many-mazmunly eseriniň — “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilinde hem neşir edilmegi halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de baý mirasyna ählumumy gyzyklanmanyň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, daşary ýurtly okyjylar türkmen halkynyň medeniýeti, onuň filosofiýasy, özboluşlylygy, parasatly ahlak pähim-paýhaslary barada gözýetimini has-da giňeltmäge ýene-de bir ajaýyp mümkinçilik aldylar. Munuň özi, gürrüňsiz, Türkmenistanyň arap dünýäsiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam eder.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
top-arrow