Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Panamadan, Maltadan, Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, garnuwly parafini, uçar we yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, Russiýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri polietileni we suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” döwlet konseri) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, tekiz boýalan we tüýjümek önümler, nah matalar hem ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Hytaý, BAE, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 48 million 273 müň dollaryndan gowrak boldy. Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Pakistandan, Gazagystandan gelen işewürler bahasy 16 million 799 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million manatlykdan gowrak polipropilen we el halylaryny satyn aldylar.