Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Watanymyzyň paýtagtynda täze binalaryň açylyş dabaralary
Ykdysadyýet
Watanymyzyň paýtagtynda täze binalaryň açylyş dabaralary
Çap edildi 10.12.2020
4604

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlup ulanmaga berlen binalaryň açylyş dabaralary boldy. Şäheriň Büzmeýin etrabynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si, 2 gatly kottej jaýlarynyň 9-sy, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep we köpugurly Söwda merkezi gurlup ulanmaga berildi. Halkymyzyň ýokary hil derejesine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda we Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlarynyň tutulmagy hormatly Prezidentmiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň rowaçlyklarynyň aýdyň nyşanydyr. Adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynyň we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Her ýylda Aşgabatda amatly ýaşaýyş jaýlary we degişli ýaşaýyş-durmuş, ulag we inženerçilik-tehniki düzümleri bolan tutuş köçeleriň we etraplaryň açylmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçen aýda ýurdumyzyň baş şäherinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň iri toplumynyň, şeýle hem IIM-niň işgärleri üçin içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň açylandygyny bellemeli. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary paýtagtymyzda belent jaýlar bilen bir hatarda dürli gatly, şol sanda kottej tipindäki ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde bu ugurda öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilýär. Munuň özi raýatlarymyzyň häzirki zaman talaplaryna we şahsy sargytlara hem-de ýaşaýjylaryň isleglerine laýyk gelýän amatly jaýlara bolan mümkinçilikleriniň artmagyna şert döredýär. Şäheriň Senagat köçesiniň ugrunda 32 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 20-sinden ybarat toplum ulanmaga berildi. Şeýle hem 4 gatly 32 öýli 3 sany we 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň biri Ahal köçesiniň ugrunda peýda boldy. Güneşli köçesiniň ugrunda bolsa 2 gatly kottejleriň 9-sy bina edildi. Olaryň her biriniň iki öýlüdigini bellemeli. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we gök zolaklar döredildi. Şeýle hem olaryň çäklerinde ýanýodalar, ulag ýollary çekildi. Sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilip, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, täze jaýa göçüp gelen maşgalalar üçin zerur bolan ähli amatlyklar üpjün edildi. Netijede, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan döwrebap jaýlarda bagtyýar maşgalalaryň 738-si jaý toýlaryny tutdular. Dabaralara gatnaşyjylar, aýratyn-da täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalaryň agzalary halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem olar döwlet Baştutanymyza berk jan sanglyk, halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler. Şeýle hem Senagat köçesiniň ugrunda 600 orunlyk umumybilim berýän mekdep guruldy. Ol şanly baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda okuwçylar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Mekdepde körpeleriň oňaýly bilim almaklary we sazlaşykly ösüşi, şeýle hem mugallymlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp barýan ýaş nesilleriň abadançylygy hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde soňky ýyllarda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze nusgadaky mekdepler gurlup ulanmaga berildi. Olarda çagalaryň hemmetaraplaýyn we ýokary hilli bilim almaklary, öz dünýägaraýyşlaryny giňeltmekleri hem-de ruhubelent, berk bedenli ösüp ýetişmekleri üçin aňrybaş şertler döredildi. Bu ýerde okuwçylaryň dürli okuw derslerini, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin häzirki zaman ugurdaş enjamlary we görkezme esbaplary bilen üpjün edilen okuw otaglary çagalaryň ygtyýarynda. Şeýle hem täze mekdepde zähmet sapagyny geçmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Munuň özi okuw mekdepleriniň gurluşygy boýunça taýýarlanýan taslamalara we onuň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň bildirýän esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem şu gün paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň çäginde köpugurly täze Söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Onda ýerleşdirilen dükanlarda alyjylara harytlaryň we azyk önümleriniň örän köp görnüşleri hödürlenýär. Şunlukda, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda haryt bolçulygyny we içerki bazarlarda özümizde öndürilen we daşary ýurtlaryň önümçiliginden pes oturmaýan dürli görnüşleriniň üpjünçiligini ýola goýmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýeňil we azyk senagaty önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi, şol sanda elektron senagat ýokarlanýar hem-de täze pudaklar ösdürilýär. Şol bir wagtyň özünde söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň ýokary hilli harytlara we hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak, hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak we adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bu pudagyň kärhanalarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň sarp ediş bazarlarynda bazar gatnaşyklaryny amala aşyrmagyň netijesinde bu ugurda düýpli özgertmeler bolup geçdi. Söwda edaralarynyň sany artdy. Telekeçilik işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen pudakda netijeli bäsdeşlik şertleri emele geldi. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagy ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň we oba hojalygynyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmekdäki mümkinçilikleriniň artýandygyny äşgär edýär. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanmaga berlen döwrebap söwda merkezleri halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanýanygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan milli ykdysady ugruň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabarasy mynasybetli guralan medeni köpçülikleýin çäreleriň dowamynda gurluşyk işlerinde has tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzda durmuş maksatly täze desgalar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly wakalarynyň ýylýazgysyna aýdyň sahypany ýazdy. Munuň özi Watanymyzyň täze taryhynda şanly seneleriň uly dabaralara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

***
Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” edara – söwda binasynyň açylyş dabarasy boldy. Aşgabadyň demirgazygynda, Andalyp we G.Gulyýew köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlan üç gatly täze bina 2018-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde açylan giň gerimli işewürlik toplumynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi. Döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna beslenen dabaranyň barşynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzyň ykdysady ösüşini gazanmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň çözülmegini göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize ýokary hilli import harytlaryny öndürmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümlerini daşarky bazarlara çykarmak, TSTB-niň agzalarynyň işiniň ugurlaryny giňeltmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm bölegi hökmünde türkmen işewürler bileleşiginiň ornuny yzygiderli berkitmek barada edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýurdumyzda hususy işewürligiň işjeňleşmegi edara binalaryna, meýdançalaryna bolan islegiň artmagyny şertlendirdi. Telekeçiler öz edara we söwda binalaryny gurýarlar. Döwrebap bezegi hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän söwda nokatlarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan şu günki bina hem munuň mysaly bolup durýar. 2008-nji ýylda döredilen hem-de Türkmenistanyň gurluşyk senagatynda öňdebaryjylaryň biri bolan “Ojar Aziýa” kärhanasynyň hasabynda paýtagtymyzda hem-de sebitlerde amala aşyrylan iri taslamalaryň ýüzlerçesi bar. Olaryň agramly bölegi ýaşaýyş jaýlarynyň paýyna düşýär. Şeýle hem bu kärhana umumybilim berýän we sport mekdeplerini, sport desgalaryny, çagalar sagaldyş merkezlerini, medeni edaralary gurmak, dürli desgalaryň elektrik üpjünçiligi hem-de nasos beketleriniň, suw geçiriji we lagym kommunikasiýalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak, awtomobil ýollarynyň, ulag çatryklarynyň hem-de köprüleriň durkuny täzelemek we gurmak ynanyldy. “Ojar Aziýanyň” söwda dükanlary bolan täze edara binasy üçin 1,15 gektar meýdan bölünip berildi. Onuň ýerzemin bölegi dükan hem-de ammar jaýlary üçin berildi. Binanyň birinji we ikinji gatyndaky söwda zallary senagat harytlaryny, şol sanda gurluşyk serişdelerini, awtomobil şaýlaryny satmak üçin niýetlenendir. Üçünji gatda edara otaglary guruldy. Durmuş üpjünçiligiň özbaşdak ulgamlary binanyň işini goldaýar. Täze jaýyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi. Şu gün açylan desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ýurdumyzyň telekeçilerini goldamagynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şunuň netijesinde Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik giň gerime eýe bolýar. Dabaralaryň barşynda işinde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow