Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen KHBS-niň wekilleri ÝHHG-nyň howandarlygynda geçirilýän webinara gatnaşdylar
Jemgyýet
Türkmen KHBS-niň wekilleri ÝHHG-nyň howandarlygynda geçirilýän webinara gatnaşdylar
Çap edildi 20.11.2020
5650

19-njy noýabrda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi daşary ýurtly bilermenleriň türkmen KHBS-niň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ençemesiniň wekilleri üçin täze onlýan-duşuşyk gurady. Seminaryň «Kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary we olary sanly maglumatlar bazarynyň özboluşlylygyny göz öňünde tutup ulanmak» temasy maglumatlary alyşmaga, ony ilerletmäge we ulanyjylar bilen gatnaşyk saklamaga gyzyklanýanlara täze iş usullaryny açyp görkezdi. Ilki bilen žurnalist Wadim Makarenko («Газета Выборча», Warşawa, Polşa) «KSHB, firmalar we edaralar: sanly gurallar» atly tanyşdyrylyşynda elektron KHBS-niň ösüş tapgyrlaryny, olaryň diňe bir öz aralarynda däl, eýsem täze döreýän gurallar – bloglar, sosial ulgamlar, wideoýaýlymlar bilen bäsleşiginiň ösüşini beýan etdi. Soňra anyk mysallar arkaly maglumatlary bermegiň adaty usullarynyň gysylyp çykarylýandygy, üstüniň ýetirilýändigi we multimediýa bilen utgaşdyrylýandygy görkezdi. Žurnalist dürli ulgam serwisleriniň –gözleýjileriň, statistiki hasapçylaryň we beýlekileriň öz şahsy brendini ilerletmekdäki, bazara seljerme bermekdäki, maglumatlary gözlemekdäki, KHBS bazaryna beýleki gatnaşyjylar bilen özara hereketleriniň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Wewbinaryň ikinji bölüminde Ýuriý Purgin («Алтапресс» NÖ-niň Baş direktory, Barnaul, Russiýa, suratda) «Maglumatlar bazaryna gatnaşyjylar: KHBS, kompaniýalar, metbugat gulluklary» atly çykyşynda sanlaşdyrma ýyllarynda habarlary bermegiň görnüşleriniň we maglumat önümini ulanyjylaryň isleginiň üýtgändigi barada jikme-jik gürrüň berdi. Indi okyjy we tomaşaçy dessin reportažlar, wideoköprüler, onlaýn görkezişler arkaly diňe bir mukdar görekezijilerine däl, eýsem onuň ýerine ýetirilişine hem täsir edýän mediýa bazaryna işjeň gatnaşýar. KHBS öz meýdançalaryny kompaniýalaryň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işi barada maglumatlar üçin berýärler, firmalaryň hem-de döwlet edaralarynyň köpüsi sosisal ulgamda öz sahypalaryny ýa-da ýaýlymlaryny edinýärler. Okyjylar we tomaşaçylar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyk häzirki saman KHBS-niň keşbini kemala getirýän kuwwatly gurala öwrülýär. Bu bolsa jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, hususy kompaniýalaryň we döwlet edaralarynyň özara hereketini gowulandyrýar hem-de çaltlandyrýar. Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen elektron KHBS-niň ösüşine we işiniň hilini ýokarlanadyrmaga gürrüňsiz kömek berjek gyzykly tanyşdyryşlary üçin bilermenlere hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
top-arrow