Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Watanymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli binagärlik açylyşlary
Ykdysadyýet
Watanymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli binagärlik açylyşlary
Çap edildi 17.11.2020
4702

Ýetip gelýän uly baýramçylygyň — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň, ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň barşynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty hem-de azyk senagatyny batly depginlerde ösdürmek maksady bilen görlen netijeli çäreler, milli Liderimiziň döwrebap obasenagat we durmuş düzümini döretmäge gönükdirýän maýa goýumlary oňyn netijelerini berýär. 2019-njy ýylda «Diýarymyzyň nusgalyk etraby» diýen at ugrunda geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etraby bu hormatly ada däne, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendigi üçin mynasyp boldy. Şu günki şanly waka daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir. Şol maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iri maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Şolara öňdebaryjy tejribe esasynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Azyk harytlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy bina edilip, berkarar Watanymyzyň azyk howpsuzlygy berkidilýär. Bu giň gerimli işlere ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar. Täze desganyň çäginde guş howlulary, jüýjeleri ýetişdirmek üçin jaýlar ýerleşdirildi. Ähli bölümler doly awtomatlaşdyrylyp, ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda amatly howany saklamak, howany, suwy arassalamak üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde onlarça iş orunlary, işçileriň önjeýli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertler döredildi. Guşçulyk toplumynyň döwrebap enjamlarynyň netijeliligi bir tarapdan, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki tarapdan, kärhananyň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Döredijilik toparlarynyň çykyşlary şu günki dabaranyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. Desgany gurmakda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow