Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 14.11.2020
3264

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçat kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. BAE-den gelen täjirler “Türkmensenagat eksport-import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden karbamid, Beýik Britaniýanyň işewürler toparynyň wekilleri bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietilen we EKO-93 awtobenzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň täjirleri daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, jinsi matany, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 million 567 müň dollaryndan gowrak boldy. Şweýsariýadan gelen telekeçiler bolsa 70 müň ewro bolan “Tesla model Х” elektrokaryny satyn aldylar. Şotlandiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan gelen işewürler manat serişdesine jemi bahasy 27 million 42 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Diýarymyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 79 million manatlyga golaý “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem elde dokalan haly hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow