Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy hökmünde ykrar edildi
Jemgyýet
Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy hökmünde ykrar edildi
Çap edildi 30.10.2020
5409

«Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar şu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy. Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň netijelerine laýyklykda, geçen ýyl ýurdumyzyň dünýäniň iň howpsuz döwletleriniň hataryna girendigini nygtamalydyrys, şol maglumatlar «Terrorçylygyň global indeksi 2019-da» çap edildi. Türkmenistan şu ugurdaky işlerini soňky birnäçe ýylyň dowamynda durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň şanly senäni — hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýän ýylynda bu wakanyň bolup geçmegi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasydyr. Halkymyzyň abadan durmuşy, ata Watanymyzyň rowaçlygy, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň özenini düzýär. Bitaraplyk ýoluny seçip almak bilen, bu gün ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýokary depginlerini, eziz Diýarymyzda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmäge hem-de sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşmeleri görkezýär. Türkmenistanyň bu täsin derejesiniň özboluşly alamaty diňe bir onuň dünýä bileleşigi tarapyndan makullanandygy hem-de goldanylandygy bilen däl, ýurduň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň tejribesi, oňa mahsus bolan milli we halkara bähbitleriň sazlaşygy bilen hem baglanyşyklydyr. Parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleri we halklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ileri tutmak ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl dünýä bileleşigine sebit howpsuzlygynyň, durnuklylygyň hem-de okgunly ösüşiň, ýurduň we halkyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini hem-de ornuny has doly açyp görkezer. Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy Aziýada hem-de tutuş dünýäde syýasy täsiriň, ykdysady durnuklylygyň hem-de medeni babatda özüne çekijiligiň merkezleriniň birine öwürmäge gönükdirilen strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Soňky habarlar
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
top-arrow