Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty
Ykdysadyýet
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty
Çap edildi 24.10.2020
4630

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar. OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen ýylba-ýyl geçirilýän uly ähmiýetli çäredir. Halkara maslahatynyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler babatynda, şeýle hem Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş ederler. Şonuň ýaly-da häzirki döwürde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda alnyp barylýan wajyp taslamalar hakynda maslahata gatnaşyjylara maglumat bermek hem-de tejribe alyşmak üçin giňişleýin sessiýalar geçiriler. Bu halkara maslahatyna Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. OGT-2020 tazeçe usulda gurnalyp, halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan onlaýn görnüşde gatnaşyp bolar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem (adaty we onlaýn) gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar. OGT-2020 halkara maslahaty barada giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com Internet saýtyndan, şeýle hem info@turkmen-forum.com e-poçta ýa-da +993 12 920399 telefon belgisi boýunça habarlaşmak arkaly alyp bilersiňiz.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow