Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Ykdysadyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar
Çap edildi 22.10.2020
4410

Şu gün Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirendigini, şonuň dowamynda banklaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, degişli ýolbaşçylara abraýly halkara maliýe guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy tabşyrandygyny bellemek gerek. Germaniýanyň “Commerzbankynyň” şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen şu günki onlaýn gepleşiklere Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, GFR-iň we umuman, Ýewropanyň maliýe toparlarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça görülýän netijeli çärelere ýokary baha berilýär. Şol çäreler dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde ýurdumyzda durnuklylygy we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, serişdeleriniň mukdary boýunça ikinji orunda bolan Germaniýanyň bu bankynyň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan makroykdysady özgertmelerini hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara alyp, türkmen banklary bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropanyň iri bank konserniniň wekilleri tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen has-da üstünlikli öňe ilerlemegini gazanmak maksadynda “Commerzbankyň” däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdylar.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow