Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar
Ykdysadyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar
Çap edildi 19.10.2020
4161

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda maliýe guramalary, aýry-aýry döwletler bilen COVID-19-a garşy göreşmekde we pandemiýanyň netijesinde ýetirilen durmuş-ykdysady, ynsanperwer häsiýetli zyýanyň azaldylmagy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Nygtalyşy ýaly, häzirki çökgünlik sebitiň ösüşine zyýanly täsirini ýetirdi we döwletleriň hökümetleri ilatyň goragsyz gatlaklaryny hem-de pudaklary goramak üçin anyk ykdysady çäreleri gördüler. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlar boýunça çykdajylarynyň mümkinçiliklerini saklamagyň wajypdygyna üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysadyýeti dikeltmäge goldaw bermekde maliýeleşdirmegiň hususy çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyny belläp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

***
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň «Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa» atly tanyşdyrylyş çäresi boldy. HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny bermek, üpjünçiligi pes adamlary goramak hem-de ykdysadyýeti dikeltmek üçin hereket etmegiň jikme-jik meýilnamasyny döretmek çärelerini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle wajyp meseleleri çözmek, makroykdysady durnuklylygy goldamak bilen birlikde, okgunly ösüşi üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şunda Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan we häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilýän koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň ähmiýetini bellemek gerek. Döwlet derejesinde amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde, ýurdumyzda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi saklanýar we halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow