Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan –BMG: ýer ýüzünde agzybirligiň we parahatçylygyň bähbidine
Teswirlemeler
Türkmenistan –BMG: ýer ýüzünde agzybirligiň we parahatçylygyň bähbidine
Çap edildi 22.09.2020
22456

«Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris. BMG-niň şeýle wezipä eýe bolmagynyň hakykata laýyk gelýändigi şübhe astyna alnyp bilinmez. BMG halkara howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ukyply ýeke-täk halkara guramadyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere, howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek, ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde, halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna degişli meseleleriň toplumyny gurşap alýar. Şunda pandemiýa garşy göreşmek hem-de köptaraplaýyn hereketler arkaly onuň ýetirýän täsirlerini aradan aýyrmak meselesi aýratyn üns berilýän wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň umumy pikir alyşmalarynyň hepdesiniň — BMG-niň şu ýyldaky esasy wakasynyň adaty bolmadyk görnüşde geçýändigini bellemek gerek, munuň özi dünýä ýüzünde dowam edýän koronawirus pandemiýasy bilen baglydyr. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki ýubileý maslahatynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Munuň özi şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesini belleýän Watanymyzyň ýokary halkara abraýyna, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli daşary syýasat ugrunyň giň goldawa we ykrarnama mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň başlygynyň orunbasarlygyna indi altynjy gezek saýlanylýar, ozal Türkmenistan bu derejede 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň işine gatnaşypdy. Biziň ýurdumyz özüni BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanadyp, strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki alyp barýan işleriniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Hyzmatdaşlygyň toplanylan baý tejribesine daýanmak bilen, däp bolan bu gatnaşyklar häzirki zaman tapgyrynda öz gerimini giňeldýär, täze ugurlary hem-de ählumumy ähmiýetli möhüm wezipeleri öz içine alýar. BMG-niň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan ýörite mejlise gatnaşyjylar Guramany berk goldaýandyklaryny hem-de ony esaslandyryjylaryň 1945-nji ýylda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirjekdiklerini aýtdylar. Baş sekretar olaryň öňünde çykyş etmek bilen, häzirki wagtda dünýäniň öňünde durýan meselelere köptaraplaýyn çemeleşmeleri peýdalanmaga ýene bir gezek çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howplara hem-de wehimlere garşy göreşmekde toplumlaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerurdygy barada yzygiderli belleýändigini nygtamak gerek, munuň üçin dünýä bileleşigine ylmy diplomatiýanyň gurallaryny ulanmak zerur bolup durýar. BMG-niň gazananlary barada aýtmak bilen, Antoniu Guterriş häzirki zaman taryhynda iri döwletleriň arasynda gapma-garşylyklar bilen uzak wagtlap bulaşdyrylmadyk häzirki ýaly döwrüň hiç haçan bolmandygyny nygtamak bilen “Bu örän uly üstünlikdir, muňa BMG-niň agza döwletleri buýsanyp bilerler hem-de biz ony saklap galmalydyrys” diýip belledi. Ol parahatçylygy pugtalandyrmak, koloniýalara azatlyk bermek ugrunda hereket, adam hukuklary ulgamynda kadalary hem-de olary berjaý etmegiň gurallaryny işläp taýýarlamak, jynsparazlygy ýeňip geçmek, gapma-garşylyklaryň hem-de heläkçilikleriň millionlarça pidalaryna zerur bolan ynsanperwer kömegi bermek, keselleri aradan aýyrmak, açlygyň möçberlerini yzygiderli azaltmak, halkara hukugy ösdürmek, daşky gurşawy we tutuş dünýäni goramak hakynda taryhy ylalaşyklary işläp taýýarlamak boýunça BMG-niň alyp barýan işlerini beýleki taryhy gazanylanlaryň hatarynda görkezdi. Şonuň bilen birlikde, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly howp salýan heläkçilik, biologik köpdürlüligiň ýitirilmegi, garyplygyň artmagy, özara ýigrenjiň ýaýramagy, geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi, ýadro howpunyň bolmagy, täze tehnologiýalaryň weýran ediji mümkinçilikleri hem-de ahyrynda COVID-19 pandemiýasy häzirki zaman dünýäsiniň gowşaklygynyň esasy şertlerini ýüze çykardy. BMG-niň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, “Biz häzirki wagtda dünýäde örän köp meseleleriň toplanandygyny hem-de olaryň köptaraplaýyn çözgütleriniň örän azdygyny görýäris”. Hut şol sebäpli hem Antoniu Guterriş ählumumy meseleleriň çözgüdine netijeli köptaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny ýene bir gezek ýatlatdy: «Hiç kim bütindünýä hökümetini döretmek islemeýär, emma biz ählumumy dolandyryş işlerini kämilleşdirmek üçin birek-birek bilen habarlaşykly hereket etmelidiris» diýip, BMG-niň Baş sekretary nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň biragyzdan makullaýşy ýaly, köptaraplylyk ýörelgesini BMG-niň we tutuş dünýäniň geljegine bagyşlanan ählumumy pikir soraşmalara gatnaşyjylaryň köp sanlysy goldady: — Olar häzirki döwrüň meselelerini çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň örän möhümdigini aýtdylar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary habar berdi. — Olar COVID-19 pandemiýasy şertlerinde şeýle raýdaşlyga bolan islegiň has-da möhümdigini nygtadylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy — türk diplomaty Wolkan Bozkyr COVID-19-y ählumumy çökgünlik diýip hasaplaýar, şeýle ýagdaýy adamzat Ikinji jahan urşunyň ot-ýalnyndan, BMG-niň dörän wagtyndan bäri bilmeýär. Bu diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň çökgünligi bolman, durmuş we ykdysady çökgünliklerdir, olar BMG-niň aşakda görkezilen gurallar arkaly çözmäge synanyşýan meselelerini has-da ýitileşdirdi: — 2030-njy ýyla çenli döwür üçin we Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda Gün tertibi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň şygaryny ýatladýarys: «Biziň arzuw edýän geljegimiz: Birleşen Milletler Guramasyndan biziň garaşýanlarymyz: biziň köptaraplylyga toparlaýyn ygrarlydygymyzyň tassyklanmagy», bu guramanyň häzirki başlygy «Pandemiýa garşy göreşe tutuş adamzat gatnaşýar. Jebisligiň wagty geldi. Umumy abadançylygyň bähbidine ýakyn hyzmatdaşlyk etmek üçin BMG-ä agza döwletleriň hiç wagt şunuň ýaly düýpli sebäpleri bolmandy. Men şu çökgünlikden biziň ozalky ýagdaýymyzdan has güýçli bolup çykjakdygymyza berk ynanýaryn” diýip nygtaýar; — ählumumy meseleleri, şol sanda hatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisini geçirmegiň görnüşini hem üýtgeden COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegiň köptaraplaýyn we toplumlaýyn çemeleşmek ýörelgesine, şu mejlisiň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanan Türkmenistan hem berk we yzygiderli eýerýär. Baryp, aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde pandemiýa garşy göreşiň dünýäniň ähli döwletlerine milli maliýe-ykdysady ulgamlaryny hem, tutuşlygyna ählumumy ykdysadyýetiň hem kadaly ýagdaýda işletmäge mümkinçilik berýän çäreleriň täze görnüşleriniň we usullarynyň gözlenilmegi bilen utgaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň üçin halkara bileleşikde jebisleşmegiň ýokary derejesini üpjün etmek, ýurtlaryň, sebitleriň hem-de yklymlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň täze nusgalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak zerurdyr. Milli Liderimiz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk arkaly awgust aýynda geçiren duşuşygynda BSGG-niň howandarlygynda bu keseli dogry anyklamak üçin döwletleriň tagallalaryny tizden-tiz birleşdirmek baradaky pikiri aýtdy hem-de koronawirusyň pandemiýasy bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesini, hususan-da, wirusyň çylşyrymly etimologiýasyny hem-de onuň tiz wagtda özgermäge ukyplydygyny doly derejede açyp görkezýän ylmy işleriň yzygiderli geçirilmegi hakynda teklip bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. BSGG-niň ýolbaşçylarynyň öňe süren başlangyçlary goldanan duşuşyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara BSGG-niň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde işleri utgaşdyrmagy, ylmy diplomatiýanyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, alym-lukmanlaryň, beýleki ugurlaryň bilermenleriniň we hünärmenleriniň arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin zerur bolan şertleri döretmegi tabşyrdy. Bu başlangyçlar we teklipler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynda umumylaşdyryldy, olar BMG-niň gatnaşmagynda adamzat üçin möhüm meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny netijeli birleşdirmek ýörelgesine esaslanandyr. Resminama pandemiýa garşy göreşmekde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek hakyndaky bölümden başlanýar, onda şeýle diýilýär: «Häzirki wagtda adamzadyň täze ählumumy wehim bolan koronawirus pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýynda, Türkmenistan koronawirusa garşy we onuň ýaýramagynyň syýasy hem-de durmuş-ykdysady netijeleri bilen bagly göreşde halkara bileleşigiň utgaşykly tagallalaryny goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň pandemiýa garşy göreşmek üçin ýaragly çaknyşyklardaky ot açyşlygy bes etmek boýunça, şeýle hem BMG-niň ösen strategiýalaryna we koronawirus ýokanjyna garşy göreş babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalaryna hem-de strategiýalaryna esaslanýan ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny goldaýarys. Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň ýaýramak meselesiniň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýar. Özüniň bu ugurdaky ädimlerini dünýä jemgyýetçiliginiň hereketleri bilen aýakdaş alyp barmak bilen, Türkmenistan ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we beýleki ugurdaş pudaklardaky hünärmenleriň ulgamlaýyn gatnaşygyny ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikiriň esasy maksady täze koronawirusyň gelip çykyşynyň tebigatyny, bu ýokançdan döreýän keselleriň ýüze çykyş görnüşlerini, şeýle hem olary bejermegiň we öňüni almagyň usullaryny düýpli öwrenmäge gönükdirilen köptaraplaýyn ýokary hünär gepleşiklerini döretmekden ybaratdyr». Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek ugrunda halkara gurallaryň birnäçesini işläp taýýarlamagy teklip eder hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň şol teklipleri goldamagyna bil baglaýar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow