Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 05.09.2020
1879

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we tehnikikerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna polietilen, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Owganystan, Azerbaýjan, Ermenistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 21 million 771 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 2 million 506 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi hem saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 252 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
top-arrow