Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Söwda we maliýe ulgamlarynyň wekilleri BSG-a goşulmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşýarlar
Ykdysadyýet
Söwda we maliýe ulgamlarynyň wekilleri BSG-a goşulmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşýarlar
Çap edildi 03.09.2020
1719

Türkmen paýtagtynda ÝHHG-nyň guramagynda «Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) azgalygyň hukuklarynyň we borçlarynyň deňagramlylygy» temasyndan üç günlük onlaýn-seminar öz işine başlady. Çäre BSG-a agza bolmak üçin gepleşikleri geçirmekde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribesi bilen tanyşdyrmagy, şeýle hem milli söwda syýastyny kämilleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Çärä ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işgärleri, şeýle hem maliýe edaralarynyň hem-de ugurdaş beýleki pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşýarlar. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd seminary açyp, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesi berilmegi bilen gutlady. «Biz Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem daşary söwdany işjeňleşdirmek we amatlaşdyrmak hem-de maýa goýum şertlerini gowulandyrmak ugrunda amala aşyrýan yzygiderli tagallalaryna goldaw bermek maksady bilen şu seminary geçirmek başlangyjyny öňe sürdük» - diýip hanym Drozd belledi. Webinaryň barşynda BSG-a goşulmak boýunça işiň ugurlary, onuň düzümi, wezipeleri we Guramada çözgütleri kabul etmegiň ýörelgeleri barada Bütindünýä söwda guramasynyň wekili, şeýle hem Gruziýadan we Çernogoriýadan bilermenler gürrüň bererler.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow