Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 29.08.2020
1810

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-niň işewürleri şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 109 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we garaköli goýnunyň ýüňüni satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
top-arrow