Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň sebitlerini we oba hojalygyny ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň sebitlerini we oba hojalygyny ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 28.08.2020
2004

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda sebitlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi hem-de döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 27-nji awgustda geçirilen mejlisinde obasenagat toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli möwsümleýin işlere — güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk görmek hem-de olary guramaçylykly geçirmek meselelerine garaldy. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrebap senagat we durmuş düzümini döretmek boýunça başyny başlan taslamalary durmuşa geçirilýär. Agrar ulgamda oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Maslahata gatnaşyjylar 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň çözgütlerine laýyklykda, obasenagat toplumynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan özgertmeleriň barşyny seljerdiler. Mälim bolşy ýaly, hojalygy ýöretmegiň täze usullaryna geçilmegi şol özgertmeleriň möhüm ähmiýetli ugurlary bolup durýar. Işiň bu usullary bolsa bazar gatnaşyklaryna, pudaga hususy haryt öndürijileri giňden çekmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň, şol sanda maldarçylyk önümleriniň hem-de ýeralmanyň we gök önümleriň beýleki görnüşleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gök önümleri ýetişdirmek üçin şu ýyl welaýatlaryň her birine goşmaça ekin meýdanlary bölünip berildi. Sebitlerde döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalaryndan netijeli peýdalanmak, täze guşçulyk we maldarçylyk toplumlaryny, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary we ýyladyşhana hojalyklaryny gurmak, telekeçilere ýeňillikli bank karzlaryny bermek ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan daýhanlary zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek ulgamynda möhüm wezipeleriň toplumy kesgitlenildi. Munuň özi ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu gün geçirilen iş maslahatynyň gün tertibinde hem öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyna döwrebap agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak, dolandyryşyň sanly elektron ulgamyna geçmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy kesgitlenildi. Maslahatyň barşynda güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny amatly möhletlerde geçirmek, obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin soňky ýyllarda satyn alnan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary netijeli ulanmak, ekerançylaryň hem-de mehanizatorlaryň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleri döretmek, döwlete tabşyrylan hasyl üçin pagtaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça iş tertibi hem-de çäreler anyklaşdyryldy. Şunuň bilen birlikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitleri hem-de obasenagat toplumyny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn aladasy we ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow