Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam edýär
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam edýär
Çap edildi 27.08.2015
1175

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam edýär. Gepleşikler hormatly Prezidentimiziň Owganystana resmi saparynyň çäklerinde Kabul şäherinde geçirilýär. Gepleşikleriň barşynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenilýär. Aýdylyşy ýaly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar berk dostluk, birek-birege dşünişmek we goldaw bermek esasynda ýola goýulýar. Munuň özi ynamly ösüş hem-de bilelikdäki uzak möhletleýin meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin has-da möhümdir. Owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunlukda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniňt taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Owganystanda durnukly syýasy ýagdaýy, bu ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini, onuň sebitleýin we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyny üpjün etmek babatda möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystana resmi sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow