Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Owganystana geldi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Owganystana geldi
Çap edildi 27.08.2015
1281

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Owganystan Yslam Respublikasyna geldi. Şu gün ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Owganystanyň paýtagtyndaky Hamid Karzaý adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz haly düşelen ýoda bilen howa menziliniň Resmi wekiliýetler zalyna bardy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden sapar mahaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Köşkler toplumynyň “Herem Saraý” köşgünde ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady. Şu gün Kabul şäherinde döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri geçiriler. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki sapary häzirki döwürde taraplaryň hoşniýetli erkine laýyklykda täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow