Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 03.07.2020
1188

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine gutlag hatyny iberdi. Onda 29-njy iýunda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi we onuň dowamynda Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça umumyrussiýa ses bermegi üstünlikli geçirmegi arzuw edendigi mähir bilen ýatlanylýar. «Ses bermegiň dowamynda Russiýanyň halky öz saýlap alan ýoluny kesgitledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Ses bermegiň netijeleri russiýalylaryň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Russiýanyň mundan beýläk-de ösmegine we onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn» diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär. Şeýle hem Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostluk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýulýandygyny, taraplaryň hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetlilik we birek-birege ynam mahsus bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we möhüm hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine berk ynanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine berk jan saglyk, bagt we üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow