Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goldaw bermäge taýýar
Syýasy habarlar
BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goldaw bermäge taýýar
Çap edildi 30.06.2020
1027

BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) ýerine ýetiriji direktory Natalia Kanem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzüminiň ýolbaşçysy öz hatynda COVID — 19 pandemiýasy zerarly şu ýylyň başyna meýilleşdirilen Türkmenistana saparyny gaýra goýmaga mejbur bolandygyny hem-de ýakyn wagtlarda ýurdumyza gelip görmäge umyt edýändigini beýan etdi. Türkmenistan enäniň ölümi we kesellemegi babatynda soňky alnan netijeler bilen baglylykda, Ilat gaznasynyň baştutanyny gyzyklandyrdy, şol netijeler boýunça görkezijiler Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde iň pes görkezijilerdir. Natalia Kanem milli saglygy goraýyş syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin bilelikdäki ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriniň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Hanym Kanem pandemiýa şertlerinde bu ulgama ýokary derejede üns berilmeginiň we uly möçberli maýa goýumlarynyň goýberilmeginiň dogrudygyny belleýär. Ol öz tarapyndan, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten sepgitlerini berkitmäge goldaw bermäge taýýardygyny Türkmenistanyň Baştutanyny ynandyrdy. BMG-niň ýokary wezipeli wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky maksatnamasyny hemişe goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow