Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çap edildi 29.06.2020
666

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Oňyn häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde özara goldawyň möhümligi bellenildi hem-de ony dowam etmäge ikitrapalaýyn gyzyklanma bildirildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylanda koronawirus pandemiýasyna garşy durmak boýunça utgaşykly iş alyp barmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şu jähtden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň keseli bejermek we onuň öňüni almak usullary, derman serişdeleri we enjamlary, şahsy goraglylyk serişdeleri babatda yzygiderli tejribe, bilim we maglumat alyşmak üçin ylym diplomatiýasynyň gurallaryny çekmek, şol sanda alym-lukmanlaryň halkara Geňeşini döretmek boýunça başlangyjynyň wajyplygy bellenildi. Hytaý tarapy Türkmenistanda ýiti ýokanç keseline garşy durmak üçin taýýarlygyň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine we dessin çäre görlüşine ünsi çekdi, bu bolsa Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde giňişleýin halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygyny subut edýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylary iki ýurduň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli we hususy pudagynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň hem-de gepleşikleriniň möhümligini bellediler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow