Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
808

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň başlygy Şeýh-ul-yslam Allahşükür Paşa-zadeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlik üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy türkmen Liderini doglan güni we Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetendigi bilen gutlady hem-de bagt, berk jan saglyk arzuw etdi, Beýik Biribardan döwlet işinde uly üstünlikler, şeýle hem ähli türkmenistanlylara parahatçylyk we gowulyklary, her bir maşgala abadançylyk dileg etdi. Allahşükür Paşa-zade Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşandyna ýokary baha berdi hem-de Kawkazda türkmen Lideriniň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatynyň doly goldanylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni hem-de pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, däbe görä, bu senäniň her bir musulmanyň durmuşynda möhüm ähmiýetli sepgitdigini aýdyp, Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň yslam gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini, munuň tutuş sebitiň halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny we agzybirligi pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi. Türkmenistan Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, parahatçylykly maksatnamalary we ynsanperwerlik taslamalary hemmetaraplaýyn goldaýar, parahatçylykly başlangyçlary öňe sürýär, goňşy ýurtlaryň ykdysady we durmuş ösüşine ýardam berýär diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Kawkazyň halklaryny gadymyýetden gelýän umumy medeni ýörelgeleriň hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryň birleşdirýändigini aýdyp, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyna, mirasyna aýawly çemeleşmegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýandygyny, döwletimizde her bir diniň wekillerine öz dini ynanjyny erkin we päsgelçiliksiz berjaý etmäge mümkinçilik berýän ähli şertleriň döredilendigini nygtady. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, bar bolan özara gyzyklanmalaryň netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow