Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Yslam ösüş bankynyň geňeşçisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Yslam ösüş bankynyň geňeşçisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
633

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Yslam ösüş bankynyň geňeşçisi Ahmad Mohamed Ali Al-Madaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ahmad Mohamed Ali Al-Madani döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, her bir musulmanyň durmuşynda uly ähmiýetli waka bolan 63 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. YÖB-nyň geňeşçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ýurduň durnukly ösüşine hem-de onuň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we abraýly maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtady. Milli Liderimiz Yslam ösüş banky bilen 1994-nji ýyldan başlap netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny hem-de hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş, ulag-kommunikasiýa we maliýe ulgamlarynda milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy, söwda-ykdysady ulgam onuň ileri tutulýan ugrudyr. Döwlet Baştutanymyz hem-de Yslam ösüş bankynyň geňeşçisi ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen täze, bilelikdäki işleri amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin giň ýol açýan TOPH-nyň ähmiýeti barada aýdyp, Ahmad Mohamed Ali Al-Madani Yslam ösüş bankynyň bu taslamany durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam ösüş bankynyň geňeşçisi özara bähbitlere kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
top-arrow