Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýolbaşçysynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýolbaşçysynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
677

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. ABŞ-nyň işewürler toparynyň wekili döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine geljekde hem üstünlikleri arzuw etdi. Erik Stýuartyň belleýşi ýaly, döwlet işgäriniň hem-de ýolbaşçynyň baý tejribesi we uly zehini türkmen Liderine Türkmenistanda hem, onuň çäklerinden daşarda hem belent abraý we hormat-sarpa getirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, parahatçylyk döredijilik ugruna ygrarly bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk we oňyn halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde daşary syýasaty durmuşa geçirýändigini, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, şol sanda amerikan kompaniýalary bilen deňhukuklylyk esasynda netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, onuň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda, dokma, himiýa we azyk senagatynda, oba hojalyk önümlerini öndürmekde, ulag-kommunikasiýa hem-de syýahatçylyk ulgamynda iki ýurduň işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, maýa goýum işjeňligini ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezen Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň orny aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykdysady durnuklylygy, amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi ýöretmegiň guramaçylyk-hukuk guralynyň döredilendigi bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary özüne çekýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýän innowasiýalar, sanly tehnologiýalar, bilim maksatnamalary ulgamynda baý tejribä eýe bolan hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin netijeli ýollary kesgitlemegiň ähmiýeti barada aýdyldy. Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we işewür türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekde hem uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow