Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
741

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtadylar. Prezident Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni hem-de musulman dünýäsinde aýratyn ähmiýetli sene hasap edilýän pygamber ýaşyna ýetmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de uzak ýyllar berk jan saglyk we ýurduň gülläp ösmegi hem-de halkyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Owganystanda türkmen Lideriniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanylmagynyň möhüm şerti bolan döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýär. Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijelilik, özara ynam we goldaw ýörelgelerine esaslanyp, yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda, hem-de energetika we ulag ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Owganystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň sebitde täze üstaşyr-ulag geçelgeleriniň döredilmeginde uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Ýangyç-energetika toplumynda uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän möhüm energetika taslamasy tagallalary netijeli birleşdirmegiň mysaly bolup durýar, bu taslama döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant bolar. Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani şunuň ýaly köpugurly hyzmatdaşlygyň iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary geljekde hem pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, doganlyk türkmen we owgan halklaryna abadançylyk hem-de ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow