Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
821

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Baştutany milli Liderimizi 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlik arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz gazak kärdeşine gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip hem-de hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek arkaly sazlaşykly ösdürilip, häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Bellenilişi ýaly, türkmen-gazak gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürmek üçin pugta binýat bolup durýar. Hökümet we düzümleriň derejelerinde dürli ugurlarda toplanylan özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine ýokary baha berip, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, doly güýjünde herekete girizilmegi zerur bolan ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegiň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi iki halkyň taryhy taýdan kemala gelen umumy medeni we ruhy gymmatlyklarynyň çäklerinde has-da ähmiýetlidir. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Žomart Tokaýew netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gülläp ösüşiniň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow