Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
673

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk gürrüňdeşlikde mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini durmuşynda unudylmajak we şatlykly sene — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şunda Özbegistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň Özbegistan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ýurda özüniň ýakyn goňşusy hem-de öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny belledi. Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklaryna hemişe mahsus bolan ynamyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depginini bellediler. Syýasy partiýalaryň hem-de kanun çykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, göni aragatnaşyklary we özara alyşmalary höweslendirmäge taýýarlyk beýan edildi. Söhbetdeşler doganlyk goňşy halklaryň — köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ynsanperwer ugrunyň ähmiýetini hem bellediler. Milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň dakylandygyny aýdyp, bu mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
top-arrow