Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
871

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Dostluky ýurduň baştutany milli Liderimizi 63 ýaşynyň dolmagy — yslam dünýäsinde Muhammet pygamberiň ýaşy hökmünde belent sarpa goýulýan sene bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde, jogapkärli we köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw etdi. Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde Aziýanyň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli belende galýandygyny hem-de berkeýändigini, üstünlikli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň sebit durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň bähbidine gulluk edýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, Türkiýe türkmen Lideriniň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de umumy taryhy kökleri bolan, medeni däp-dessurlary we ruhy-ahlak gymmatlyklary birleşdirýän iki ýurduň we halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda has okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen aýtdy. Söhbetdeşler häzirki taryhy döwürde täze hil derejesine we many-mazmuna eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklary hasaba alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň depginleriniň ýokarlanýandygyny aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri beýan etdiler. Milli Liderimiz özara ynam hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada aýdyp, öz türk kärdeşine Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, esasan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde hemişe goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary iki halky gadymy döwürlerden bäri birleşdirýän dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň bähbidine geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow