Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýörite geňeşçisiniň onlaýn-duşuşygy geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýörite geňeşçisiniň onlaýn-duşuşygy geçirildi
Çap edildi 26.06.2020
972

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow BMG-nyň Baş sekretarynyň özgertmeler meseleleri boýunça Ýörite geňeşçisi jenap Ýens Wandel bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýörite düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy durmakda we onuň ýetiren durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümligi bellenildi. Şu jähtden Türkmenistanda howply keselleriň öňüni almak, şol sanda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça Adatdan daşary toparyň işi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy, şeýle hem ýurduň COVID-19 keseline garşy tehnologiýalaryň elýeterlik Binýadyna goşulmak babatda alyp barýan işleri beýan edildi. Pandemiýa garşy çäreleriň maddy-tehniki üpjünçiligi ulgamyny goldamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň gün tertibine bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-nyň gatnaşyklarynyň geljegi barada meseleler girizildi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow