Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Müsüriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Müsüriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Çap edildi 25.06.2020
714

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Müsür Arap Respublikasynyň daşary işler ministri Sameh Şukri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Taraplar türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesi we halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-nyň meýdançasynda özara gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti nygtaldy. COVID-19 pandemiýasynyň ýetiren durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň biri boldy. Şu jähtden kemala gelen ýagdaýdan çykmak üçin ylmy, maliýe we beýleki serişdeleri işe girizmegiň möhümligi bellenildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we özara haryt dolanşygynyň oňyn ösüşini saklap galmak barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow