Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝAÖB-nyň we AÖB-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝAÖB-nyň we AÖB-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi
Çap edildi 24.06.2020
920

23-nji iýunda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen duşuşuk geçirdi. Taraplar gepleşikleriň dowamynda energetika, ulag we beýleki ulgamlarda durmuşa geçirilýän taslamalar barada pikir alyşdylar. ÝAÖB-nyň 2019-2024-nji ýyllarda Türkmenistan boýunça Ýurt strategiýasynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak özara gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şol günüň özünde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi. Özara gatnaşyklaryň ileri tutlýan ugurlary, şol sanda geljegi uly taslamalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank, energetika we ulag ulgamlarynda, şeýle hem telekeçiligi goldamak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Duşuşykda COVID-19 pandemiýasynyň ýetiren durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümligine üns çekildi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow