Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
Çap edildi 23.06.2020
883

Wideomaslahat görnüşinde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekilýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew hem-de onuň özbek kärdeşi Ilhomjon Nematow ýolbaşçylyk etdiler. Onlaýn-duşuşykda özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi hem-de ýokary derejelerdäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy. Taraplar halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde jebis gatnaşyklara taýýardyklaryny, şeýle hem ýurtlaryň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Şu jähtden Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda import-eksport işlerini kämilleşdirmegiň zerurlygyna, şeýle hem söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine üns berildi. Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministriniň orunbasary K. Gurbanow we Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary B. Abidow bu mesele boýunça taraplaryň garaýyşlaryny beýan etdiler. Energetika we suw hojalygy pudaklarynda özara gatnaşyklaryň geljegine, şeýle hem üstaşyr ýük daşamak üçin şertleri kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy. Koronawirus pandemiýasy şertlerinde serhetüsti gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Iki ýurduň wekilleri medeni we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge isleg bildirdiler.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow