Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Däbe öwrülen hyzmatdaşlyk täze sepgitleri nazarlaýar
Syýasy habarlar
Däbe öwrülen hyzmatdaşlyk täze sepgitleri nazarlaýar
Çap edildi 19.08.2015
1251

Şu gün, 20-nji awgustda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-täjik gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça düýn agşam türkmen paýtagtyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen geldi. Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek hem-de ösdürmek Türkmen döwletiniň öňe sürýän we oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan parahatçylyk söýüji daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky durnukly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Soňky ýyllarda ýokary we hökümet derejesinde ikitaraplaýyn saparlaryň çäginde türkmen-täjik duşuşyklarynyň barşynda taraplar goňşy döwletleriň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmagyň örän möhümdigini tassykladylar. Bu bolsa dürli ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy ösüşiň esasy ugry hökmünde aýratyn üns berilýän energetika we ulag ulgamynda giň mümkinçilikleri açýar. Muny umumy tagallalar netijesinde durmuşa geçirilýän möhüm sebit maksatnamalary, şol sanda Türkmenistan- Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy hem aýdyň görkezýär. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi yklym ähmiýetli kuwwatly ulag- aragatnaşyk ulgamyny döretmegiň hasabyna, halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berer. Şeýlelikde, uly geljegi nazarda tutýan hyzmatdaşlyk diňe bir iki doganlyk ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gabat gelmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we halkara ýagdaýlaryna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň okgunly ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde daşary söwda dolanyşygynyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň soňky ýyllarda yzygiderli ösüşini görkezmek bolar. Muňa 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça döredilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-täjik toparynyň işi gönüden-göni ýardam berýär. Şeýlelikde, iki goňşy döwletiň mundan beýläk-de ýakynlaşmaga bolan meýilleri we ýygjam, netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Prezident Emomali Rahmonyň ýurdumyza boljak saparynyň üstünligini şertlendirýär. Munuň özi türkmen-täjik gatnaşyklarynyň täze taryhynyň ýylýazgysyna möhüm sahypany ýazar. Iki ýurduň Liderleriniň nobatdaky duşuşygy Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň däp bolan gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge we asyrlarboýy mizemez dostluk ýörelgesine eýerýän, şeýle hem medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, iki halkyň däp-dessurlarynyň taryhy taýdan umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwürde üstüniň ýetirilmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir. Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça taraplaryň ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow