Şu gün Daşary işler ministrliginde «Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» mowzugy boýunça nobatdaky brifing geçirildi. Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly bu çärä birnäçe döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň çäginde täze görnüşli koronawirusyň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreleri beýan edýän dördünji brifingdigini ýatlatmalydyrys. Türkmenistanda geçirilýän utgaşykly işiň netijeliligini ýerli ilatyň arasynda СOVID-19-yň ýokuşan halatlarynyň ýokdugy tassyklaýar. Bellenilişi ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň edaralary, hususan-da, Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy tarapyndan öňüni alyş we zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär, möwsümleýin kesellere gözegçilik amala aşyrylýar. Serhet-geçiriş nokatlarynyň ählisinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän zyýansyzlandyryş desgalary guruldy. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça şeýle terminallar goňşy ýurtlaryň çäginde hem döredilýär. Saglygy goraýyş edaralarynda şahsy goranyş serişdelerini ulanmak, degişli raýatlar bilen işlenende, howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça türgenleşik we tejribe okuwlary geçirilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde maý-iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň epidemiologlary, reanimatologlary, ýokanç keselleri bejerýän lukmanlary üçin okuwlar geçirildi. Ilatyň arasynda wirusly keselleriň öňüni almak boýunça arassaçylyk-düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär, ýörite maglumat-bilim serişdeleri işlenip taýýarlanyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, beýleki döwletleriň isleg bildirýän raýatlarynyň ählisi — Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara agentlikleriň işgärleri üçin köpçülikleýin öňüni alyş lukmançylyk gözegçiligi guralýar. Öz nobatynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasynyň baştutany Paulina Karwowska Türkmenistanyň Hökümetine koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara goşandy hem-de döwletimiz tarapyndan öňümizdäki aýyň başynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Bilermenler wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň guralmagy babatda hemmetaraplaýyn ýardam üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, BSGG-niň wekili ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň maslahatlaryndan ugur almak bilen, özüniň saglygy goraýyş syýasatyny ilerletmekde uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de ählumumy sanjym maksatnamalarynyň we taslamalarynyň çäklerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigini kanagatlanma bilen belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd öz çykyşlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlarymyzyň saglygyny goramak ulgamyndaky strategiýasyna hem-de türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreşmekde giň ugurlar boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyna ýokary baha berdiler. Wideoaragatnaşyk serişdeleri arkaly maslahatlary geçirmek däbe öwrüldi. Olarda daşary ýurt döwletleriniň hünärmenleri СOVID-19-a garşy göreşmekde toplanan iş tejribesini alyşýarlar. Ozalky duşuşyklaryň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habarlaryň we teswirlemeleriň peýda bolmagy netijesinde dünýä jemgyýetçiligi hormatly Prezidentimiziň berk gözegçilik etmeginde ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň howply ýokanç keseline garşy bilelikde göreşmäge hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, pandemiýa howpunyň dörän ilkinji günlerinden BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Olar bilen bilelikde hökümetimiz tarapyndan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy durmaga taýýarlygyny üpjün etmegiň hem-de bu babatda degişli çäreleri görmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. Ol şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanyldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň lukmançylygyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlary we halkara guramalary, hususan-da, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen giň hyzmatdaşlyk kabul edilen meýilnamanyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Onuň bilermenleri ýerlerde ýurdumyzda bu ugurda görülýän çäreler bilen tanyşmagy meýilleşdirýärler.