Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 19.06.2020
1114

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 1 000 000 tonna sement öndürýän Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Beýik-Bina» hususy kärhanasy bilen şertnamany daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we sement zawodyny 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 000 000 tonna sement öndürýän Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny, demir ýollary gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we sement zawodyny 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing 777-200F» kysymly ýük howa gämisini satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Airсraft Finanсe Germany GmbH.» kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow