Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen arheologlary ýazky möwsümleýin işleriň jemini jemlediler
Medeniýet
Türkmen arheologlary ýazky möwsümleýin işleriň jemini jemlediler
Çap edildi 19.06.2020
3718

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň arheologik barlaglarynyň ýazky möwsümi milli taryhymyzyň üsti açylmadyk sahypalaryny öwrenmek, halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda örän netijeli boldy. Şol döwürde gadymy binagärligiň täsin desgalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi. Hökümetiň anna güni geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa golaýda tamamlanan möwsümiň jemleri barada hasabat berildi. Munuň özi bu taslamanyň wajyp derejesine we umuman, bu ulgamda uly hem-de yzygiderli işleriň geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Geçen möwsümde «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan Ahal welaýatynyň çägindäki orta asyr Abiwerd galasynda işler dowam etdirildi. Şähristany emele getirýän gala diwarlarynyň içinde barlag işleri geçirildi we hünärmentçilik toplumynyň goşmaça desgalarynyň üsti açyldy. Hususan-da, ownuk küýze gaplaryny bişirmek üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen iki gatly küreler we onuň bilen baglanyşykly ussahana jaýlarynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Bu arheologik tapyndylar Günorta Türkmenistanda, has takygy, Ahal welaýatynyň dag eteklerinde orta asyrlarda zergärçilikde we lukmançylykda giňden ulanylan simabyň önümçiliginiň ýola goýlandygyna goşmaça anyk deliller bolup hyzmat edýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň beýleki bir sebitinde, Balkan welaýatynyň çägindäki orta asyr Dehistanyň Juma metjidiniň peştagyny rejelemek işleri tamamlandy. Bu metjit ХIII asyryň başlarynda iň soňky Horezm şasy Muhammet II tarapyndan gurdurylypdyr. Geçirilen işleriň netijesinde, ýadygärligiň ýüz ýyl mundan ozal ýykylan ýokarky bassyrmaly bölegi saklanyp galan arhiw fotosuratlara esaslanyp, türkmen hünärmenleri tarapyndan asyl nusgasynda dikeldildi. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan ýadygärlikde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Geçirilen işleriň netijesinde orta asyr desgasynyň XIV asyryň ahyrlarynda ýumrulan diwarlarynyň ýüzi ajaýyp oýma nagyşly plitkalary bilen bezelen uly göwrümli bölekleriniň üsti açyldy. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri orta asyr binagärlik bezeglerini seljermek we rejelemek işlerini alyp barýarlar. Şol döwürde Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň 2-nji tapgyry tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda bu ýadygärlik barada şeýle ýazýar: «Eziz Watanymyzda duş gelýän gadymy myhmanhanalaryň iň ajaýyp binagärlik nusgasy Daýahatyn kerwensaraýydyr. Ol XI asyrda Amuldan çykyp, Amyderýanyň kenary bilen Horezmiň paýtagty Köneürgenje barýan söwda ýolunyň ugrunda, häzirki Darganata etrabynyň Gabakly obasynyň çäginde ýerleşýär. Bu binagärlik gurluşy tutuş sebitde şeýle maksada hyzmat eden orta asyr binalarynyň abat saklanyp galan ýeke-täk nusgasydyr». Daýahatyn kerwensaraýynda geçirilen dikeldiş işleriniň barşynda ýadygärligiň içki howlusyny gurşaýan däliziň bir bölegi we oňa ýanaşyk gurlan otaglar rejelendi. Rejeleýiş işleriniň 3-nji tapgyrynyň çäginde bu meşhur kerwensaraýyň girelge tarapynyň ýüzündäki epigrafik ýazgylaryň ylmy esasda dikeldip bolaýjak bölekleriniň rejelenmegi göz öňünde tutulýar. Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýyndaky Abdyllahan galasynda arheologik — gözleg işleri dowam etdirildi. Şol işleriň esasy maksady ХIV — ХV asyrlara degişli Merw galasynyň esasy derwezesiniň ýerleşýän ýerini anyklamakdan ybaratdyr. Şol derwezäniň umumy görnüşi ХIХ asyryň ahyrynda ýerine ýetirilen fotosuratlaryň toplumy arkaly mälimdir. Hünärmenler derwezäniň iki gapdalyndaky diňleriň binýatlarynyň gurluş aýratynlyklaryny kesgitlemelidirler. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan guralan arheologik ekspedisiýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde arheologik gözleg işleri hem alnyp barylýar. Netijede, ozal hasaba alynmadyk ýadygärlikleriň ençemesi ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Şeýlelikde, ozal Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň Döwlet reýestrinde duran ýadygärlikleriň umumy sany 1397 bolan bolsa, häzir olaryň sany 1422-ä ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatynda milli mirasy wagyz etmäge hem-de halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. Ýazky möwsümde türkmen hünärmenleri döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda bu möhüm ýoluň «Amul — Merw» bölegini wagyz etmek hem-de ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen, bu ugurda ýerleşen birnäçe kerwensaraýlaryň taryhyny öwrenmek boýunça ägirt uly işleri ýerine ýetirdiler. Şeýle hem şolaryň çyzgylary taýýarlanyldy we surata düşürildi hem-de ýadygärlikleriň töwereginde gorag zolaklary kesgitlenildi. Geljekde şol ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga hödürleniler.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow