Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumy we kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumy we kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Çap edildi 15.06.2020
892

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ara alnyp maslahatlaşylmagyna hödürlenen esasy meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ugurlary, öňdäki wezipeleri kesgitlemek meseleleri bar. Maslahatyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiziň Daşoguz hem-de Balkan welaýatlaryna boljak iş saparlaryna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bu sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiz sebitlerde galla oragynyň alnyp barlyşy bilen gyzyklanyp, möwsümiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň döwrüň möhüm wezipesidigini aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň günübirin geçirilmegini, möwsümde işleýänler üçin bolsa söwda we medeni çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Tehnikalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, tehniki abatlaýyş toparynyň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Galla oragy bilen bir hatarda beýleki meýdan işlerini hem öz wagtynda geçirmegiň, şunda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň şenbe güni geçiriljek onunjy maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Bu maslahatda deputatlar ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işjeň ösdürilmegine ýardam berýän täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de şunuň bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini dessin kesgitlemek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarlar. Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli işleri kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bu wezipeleri çözmek üçin Mejlisiň işine halkara nazaryýetinde hem-de hukuk işinde toplanylan öňdebaryjy tejribäniň işjeň ornaşdyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynyň gün tertibine giriziljek meselelere, olar boýunça kabul ediljek çözgütlere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň milli kanunçylygymyzyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglylykda ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy
07.09
«Arkadagly ýaşlar» – täze nesliň sesi
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmeniň buýsanjy
06.09
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
top-arrow